Date : Wednesday, 12 December , 2018

Türkmenistanda suw we gaz ölçeýjileri oturdyp oturtmandygy barlanýar 300x193 - Türkmenistanda ,suw we gaz ölçeýjileri oturdyp-oturtmandygy barlanýarTurkmensnews- Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ilatynyň suw we gaz ölçeýjileri oturdyp-oturtmandygy barlanýar.

“Şähersuwkanal” müdirliginiň wekilleri, polisiýa işgärleriniň ugratmagynda, Aşgabadyň ilatynyň kwartiralarynda we jaýlarynda suw ölçeýji gurallaryň oturdylyp-oturdylmandygyny oktýabryň başyndan bäri üçünji gezek barlaýarlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Ýaşaýjylar ölçeýji gural oturmadyk hojalyklara soňky gezek ýazmaça duýduryş berilýändigini habar berýärler. Adamlar berlen duýduryş bilen tanyş bolandyklaryna gol çekmeli. Barlagçylar ýaşaýjylara içeri işler ministri Isgender Mulikowyň beren görkezmesini ýerine ýetirýändiklerini aýdýarlar. Ýatladýarys, prezident ölçeýji gurallaryň öz wagtynda oturdylmagy barada berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi hut şonuň üstüne ýükläpdi.

Adamlar maşgalada birinji topar maýyby ýa-da uruş weterany bolsa, bu ýagdaý jemagat hojalygy hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hem-de ölçeýji gurallary oturtmazlyga hukuk berýändir öýtdüler, emma olardan ölçeýji oturtmakda eglişik etmän, hasaplaýjy gurallary oturtmagy talap edýärler. Habar berilmegine görä, olara geljekde, jemagat hojalygy hyzmatlary tölenen wagtynda ýeňillik berlip biler.

Nämälim sebäplere görä, patagtyň etraplarynda olçeýjileri oturtmagyň bahalary biri-birinden tapawutlanýar. Mysal üçin, Parahat-4 etrapçasynda ölçeýji oturtmak üçin 300 manat alýarlar, Parahat-7-de bolsa, şol bir iö üçin 310 manat tölemegi talap edýärler.

“Azatlyk” radiosy bolsa, Aşgabadyň häkimiýetleriniň ilatdan gaz ölçeýji gurallaryň oturdylmagyny talap edýändigini habar berýär. Neşiriň habarçylarynyň ýazmagyna görä, ölçeýjileri oturtmagyň bahalary dürli-dürli; ýaşaýjylaryň birlerinden bu iş üçn 212 manat alsalar, beýlekilerinden 260 manat talap edýärler.

Halk maslahatynyň ۲۵-nji sentýabrda geçirilen birinji maslahatynda prezident, ilatyň gowy ýaşap başlandygyny aýdyp, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerine gaýatdan seretmegi buýurdy.

Türkmenistanyň ilatyndan ölçeýji gurallary oturtmagy baryp geçen ýylda, 2017-nji ýylyň ۱-nji noýabrynda ýurtda jemagat hojalygy hyzmatlaryna täze nyrhlar girizilenden soň talap edip başladylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy oktýabrda ýaşaýjylara hasap depderçeleriniň berilmegini we ölçeýjileri oturtmagyň hem-de ulanylaýn elektrik energiýasynyň we suwuň hasabynyň ýördedilişine gözegçilik etmegiň ähmiýetini we wajyplygyny düşündirmegi” talap etdi.

Baş Habarlar

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP