ترکمن نیوز

23 300x185 - Türkmenistanda geçirlen Pudagara toparynyň mejlisiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Turkmensnews- Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Natalýa Drozd gatnaşdylar.Mejlisiň barşynda Toparyň ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan we hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge hem-de Türkmenistanyň degişli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem döwlet düzümleriniň we ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň agentlikleri hem-de ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Ministrler Kabinetiniň ۳-nji iýulda geçiren giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we bütindünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, iri taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň bilelikde amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Pudagara toparynyň ۲۰۲۰-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin Iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde onuň durmuşa geçirilişi boýunça, hususan-da, Pudagara toparynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasynyň anyk wezipeleri kesgitlenildi.Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy tejribä bagyşlanan, hukuk goraýyş edaralarynyň işgärleri, döwlet gullukçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri üçin we binalary we «tegelek stollary» geçirmegiň tejribesini dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.Mejlisde beýleki meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

تاریخ و زمان خبر

22

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda