Date : Saturday, 18 August , 2018

Türkmenistanda çagalaryň HukuklarynyTurkmensNews- 2018-nji ýylyň ۵-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasynyň Türkmenistandaky baştutany Şahin Niloferiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda maglumat berdi. Ýaşlar syýasatynyň, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramagyň we üpjün etmegiň üstünliklerini belläp, ýurtda bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky işine gysgaça göz aýladylar. Durnukly ösüş maksatlarynyň çarçuwasynda çagalary hukuklaryny durmuşa geçirmeiň esaslary babatda aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellediler we olary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. UNICEF-yň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bu resminamanyň häsiýetiniň agramlylygyny we köpçygyrlylygyny belledi we çäreleriň ençemesini gurnamak we bilelikdäki toparyň döredilmegi arkaly ony durmuşa geçirmek boýunça teklipleriň ençemesi bilen çykyş etdi.

Bu resminamanyň maksatlary babatda jikme-jik maglumatlary berip, türkmen tarapy Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny öz içine çagalaryň we aýallaryň hukuklaryny goramak we ýerine ýetirmek ugrunda Türkmenistanyň syýasatynyň tutuşlygyna öz içine alýandygyny belledi.

Habarlar

Çagany ýatyrmak üçin 10 usul

Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary peýdasyz işdir

Türkmenyn Adı ve Tarihi

gözdegme bilen doganyň dogrulygy

Gasemi: Pompeonyň sözleri Amerikanyň ejizliginiň alamatydyr

Eýran milleti zor aýdylmagyna berk gaýtawul berjekdir

larijani: Amerika bilen sionist režimi sebit durnuksyzlygynyň oja...

Zarif:ýadro ylalaşygynda Eýran Ýewropa garaşyp durmaz

Tramp NATO guramasyndan çykmak bilen haýbat atdy

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek maslahatlaş...

ýewropalylar ýadro ylalaşygy baradaky yradasyny amala döndermelid...

Eýranyň üç güýjiniň başlyklary Amerikanyň haýbat atmlaryna garşy ...

Russiýa bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbe...

Eýran bilen Özbegistanyň maýagoýumlyk boýunça bilelikdäki komitet...

Ruhani:bet niýetliler Eýran milletiniň garşysynda baş egjekdirler...

Larijani:Eýran özüniň belli usullaryna daýanyp ýadro gepleşikleri...

Türkmenistan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy geljekgi hyzmatdaşlygyň...

Türkmenistan hakda ombudsmen hasabaty

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýl...

Çaga 10 ýaşa ýetýänçä onuň ۱۰ sany esasy bilmeli zatlary

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP