ترکمن نیوز

15 300x185 - Türkmenistanda binalaryň biri howlukmaç ýagdaýda hassahana öwrüldiTurkmensnews- Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda binalaryň biri howlukmaç ýagdaýda hassahana öwrüldi.

Türkmenistanda Keseliň köpelmegi bilen hassahanalaryň sanyny artdyrmaga girişilendigi aýdylýar. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatyň Gogol köçesiniň demirgazyk böleginde tuneliň gaýrasynda POLIMEKSIŇ edara degişli bir umumy ýaşaýyş jaýyny hassahana öwüripdirler.

۳۱-njy iýundan başlap gyzgyny ýokarlanyp tiz kömek çagyran näsaglary şol ýere ýerleşdirýärler we karantinda saklaýarlar.

Ol ýerde işlemek üçin şäheriň ähli saglyk öýlerinden lukmanlar we şepagat uýalary ugradylýandygy aýdylýar. Hassahanada täze medisina enjamlary goýulypdyr. Ol ýere düşen hassalara gowy seredilýär.

Ýöne hassalaryň ýanyna göýberilmeýär, derwezäniň agzynda duran nobatçylara erten zatlarňy tabşyryp, hassanyň haýsy palatadygny aýtmaly, olar erten zatlarňy hassa gowşurýarlar. Nahar zat salan gabyň yzyna gaýtarylmaýar, bir gezek ulanylýan gaplarda nahar ertmeli diýýärler.

Bu täze hassahananyň näsaglaryň artmagy sebäpli açylandygyny ýa bolmasa Bütindünýä saglyk guramasynyň wekillerniň Türkmenistana geljegi bilen bagly taýýarlyk çäresiniň esasynda açylandygyny anyklap bolmady. Ýöne gyzgyny ýokarlanyp, lukmanlara ýüz tutýan näsaglaryň köpelýändigi göze ilýär diýilýär.

Türkmenistan ýokanç keselleri azaltmak hem-de ählumumy sanjym işleriniň maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky meselelere üns berýär. Soňky ýyllarda sanjymlaryň milli senenamasyna täze waksinalaryň hem birnäçesi girizildi.

Şeýle-de Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurda aralaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi.

تاریخ و زمان خبر

06

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda