ترکمن نیوز

turkmenistan 300x169 - Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýärTurkmensNews-   ۲۰۱۹-njy ýylyň ۱۴-nji noýabrynda Aşgabatda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.

 

Onuň işine kompýuter, multimediýa tehnikasyny, mekdep mebelini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň ۵۰-den gowragy gatnaşýar. Forum şeýle hem ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ۱۲۰-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.

Şu ýyl iň täze tehnologiýalary ulanmaga hem-de bilim babatda sanly ulgama geçmek ýörelgesini amala aşyrmaga aýratyn üns berildi. Bilim ministrliginiň sergisinde ýurdumyzyň usulyýet işläp taýýarlamalary, körpe okuwçylar üçin degişli tehnologiýalar hem-de bezegli okuw edebiýaty görkezilýär.

Sergide sport mowzugy hem bilim ulgamy bilen sazlaşykly beýan edilipdir. Sport sergisine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň esasy guramalary we ýörite enjamlary, esbaplary we lybaslary öndürýän kärhanalar hem-de kompaniýalar wekilçilik etdi.

Günüň ikinji ýarymynda bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan maslahat öz işine başlady. Forumda garalan meseleleriň hatarynda geljegiň abadançylygynyň bähbidine bilim, okatmak işinde sanly tehnologiýalaryň orny bilim ulgamynda özgertmeler hem-de innowasiýalar we beýleki meseleler bar.

Halkara maslahatyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Malaýziýanyň mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi.

Forumyň barşynda şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara – Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Aziýanyň Hokkeý federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Portugaliýanyň «Сlass Aсademy» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

۱۵-nji noýabrda Halkara sergi we ylmy maslahat öz işini dowam etdirer.

 

تاریخ و زمان خبر

16

11

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda