ترکمن نیوز

BAE özarabähbitli 300x169 - Türkmenistan we BAE özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylarTurkmensNews-  ۲۰۲۰-nji ýylyň ۱۳-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi.

 

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň guramaçylygynyň netijeli gural bolup durýandygy bellenilip geçildi.

 Diplomatlar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunyň hem işjeň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, ýurtlaryň halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Mundan başga-da, iki döwletiň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça meselelere seredildi.

Şeýle hem dünýäde ýüze çykan pandemiýanyň sebitde hem-de dünýäde täsiriniň ýeňilip geçilmegi ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişliginde öňe süren teklipleri dogrusynda bellenilip geçildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etmek bilen taraplar bu ugurda özarahereketleri giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-emirlikler toparynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň aýratyn möhüm bolup durýandygy barada aýdyp, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has hem ýygjamlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

 

تاریخ و زمان خبر

13

05

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda