ترکمن نیوز

Yslam Respublikasynda parahatçylyg 300x169 - Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy durmuşa geçirmek boýunça hereketleri goldaýarTurkmensNews-  ۲۰۲۰-nji ýylyň ۱۲-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy.

 

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy durmuşa geçirmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatiki we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň hemişe tarapdarydygyny nygtady we özüniň syýasy giňişliginde gepleşikleri geçirmek arkaly ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da enegetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri infrastruktura taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň TAPI we TAP taslamalaryna gatnaşmagy bilen demirýol gatnawlarynyň ösdürilmegine goşandy, şeýle-de bu ýurda ynsanperwer kömeginiň möhüm orny barada nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň beýleki hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýardygy barada bellenilip geçildi.

 

تاریخ و زمان خبر

13

09

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda