Date : Wednesday, 14 November , 2018

Berdi Mohemedow 300x189 - Türkmenistan hakda ombudsmen hasabatyTurkmensNews- Türkmenistanyň resmi metbugatynda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil (ombudsmen) Ýazdursyn Gurbannazarowanyň ۲۰۱۷-nji ýyldaky işiniň netijeleri boýunça ilkinji hasabaty çap edildi.

Hasabatyň esli bölegi ombudsmeniň işini, şeýle-de “Hormatly Prezident” diýip atlandyrylýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerini we “parasatly başlangyçlaryny” beýan etmäge bagyşlanypdyr.

۲۰۱۷-nji ýylyň işiniň dowamynda 439 ýüz tutma (185-si dilden we 254-s ýazmaça) hasaba alnypdyr, şol bir wagtda ombudsmeniň diwanynda 195 arzaçy bolupdyr.Gyzykly ýeri, hasabatdaky maglumata görä, ýüz tutanlaryň ähli maglumatlary: atasynyň ady, ady, kakasynyň ady, jynsy, ýazgy edilen (hasaba alnan) ýeri we hatda milleti ýörite bir depderde ýazgy edilipdir. Mysal üçin, hat üsti bilen ýüz tutan 293 adamyň (käbir arzalar kollektiwleýin ýazylypdyr) 253-si türkmen, 26-sy ruslar, dördüsi azerbaýjan, üçüsi özbek, ýene ikisi ermeni, ikisi lezginler, biri ukrain we ýene biri kürt.

Ýedi arzanyň aşagynda awtorlaryň golunyň bolmandygy we şu sebäpden ol arzalaryň seretmek üçin kabul edilmändigi bellenilip geçilýär.254 ýazmaça şikaýatyň diňe 25-si “kanagatlandyryldy we şunuň bilen raýatlaryň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga we dikeltmäge ýardam edildi”.Muňa delil edilip, raýatlaryň käbir şikaýatlary mysal hökmünde getirilýär.Ombudsmeniň diwanyna Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy dermanhananyň üstünden şikaýat edip ýüz tutdy, onuň arzasynda dermanhanada güýçli täsir edýän “Zopiklon” pereparaty bolan “Somnol 7,5 gp” dermanynyň satylmagyndan nägilelik bildirilýär. Arzada aýdylmagyna görä, bu dermany atan adamyň nepesi düzüw bolmaýar we netije-de köçe-transport hadysasy döreýýär. Netijede Saglygy goraýyş ministrligi buýruk çykaryp, düzüminde “Zopiklon” bolan dermanyň diňe ýazgy boýunça satylmagyny gazandy.

Ombudsmeniň edarasyna ýüz tutan raýatlaryň birnäçesi işe ýerleşmegi başardy, ýöne şol bir wagtda ýüz tutanlaryň köpüsiniň ozal özlerine zähmet biržasyndan hödürlenen iş ýerinden ýüz öwrendigi aýdylýar.

Ýüz tutanlaryň biri toguň basyşynyň üýtgemegi zerarly ýanan telewizory, týuneri we holodilnigi üçin Jemagat hojalygy ministrliginden maddy zyýanyň öwezini dolýan serişde almagy başardy.Bir şikaýat boýunça bikanun gurlan goşmaça jaýlaryň birnäçesi ýykylyp aýryldy.

Türkmenistanyň raýaty “ýurtdan çykmagyna wagtlaýyn çäklendirme girizilenleriň sanawyna goşulandygy” üçin ombudsmene ýüz tutanyndan soň,näsag çagasyny bejertmek üçin daşary ýurda çykmagy başardy.Ikinji topar maýyby, uly ýaşly ogly we gyzy bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda ýaşaýan raýat maýyplar üçin berilýän jaýdan jaý almak üçin nobata goýuldy.

Mundanam başga, harbynyň yzynda galan dul aýalyň gulluk kwartirasyndan göçürilmegi; “ulanmag ýaramly bolmadyk” suw turbasynyň suwy; eýýäm üç ýyl bäri işlemeýän lift we döwlen çagalar meýdançasy; bir howlynyň ortasynda 25 ýyl bäri duran zibil konteýneri; üç ýyl ozal adamlaryň göçüp baran jaýyna gazyň we elektrik togunyň çekilmezligi; mugallymlara tutuş bir ýyllap tölenmedik aýlyk (2016-njy ýylyň sentýabryndan 2017-nji ýylyň iýunyna çenli); “Senagat” bankynyň “konwertirlenen serişdäni” rus bankynyň hasabyna geçirmekden boýun towlamagy ýaly bir topar mesele çözüldi.

Emma hasabatda ombudsmene ýüz tutan raýatlaryň esasy böleginiň döwletden diňe öz hukuklarynyň berjaý edilmegine däl, hatda olar hereket edýän kanunçylykda bellenmedik-de bolsa, özleriniň dürli maddy eşretler babatdaky islegleriniň hem kanagatlandyrylmagyna iždiwenlik bilen garaşýandyklary bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hatda olaryň adalatlydygy birnäçe gezek tassyk bolan-da bolsa, raýatlaryň ombudsmene sud kararalryndan nägile bolup ýazan köp sanly hatlarynda öz bähbidiňi öňe itermek babatda geçmişden alnan miras aýratyn ýüze çykdy. Ombudsmen bu hili ýüzlenmelere jogap bermek bilen, aslynda adam hukuklarynyň bozulyp-bozulmandygyny düşündirmek bilen meşgullandy, raýatlara öz meselelerini ýurtda açylan azat ykdysady mümkinçilikleriň çäginde döredijilikli zähmet bilen çözmegi maslahat bermeli boldy.

Netijede ombudsmen ýurduň “öz ykdysady meselelerini özbaşdak we aktiw çözmäge ukypsyz, adat bolşy ýaly döwletiň kömegine umyt baglaýan” raýatlaryna aň-düşünje bermek zerurlygy baradaky netijä geldi.

Baş Habarlar

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP