Date : Monday, 17 December , 2018

deňiz portuna gämiTurkmensNews- Bu zawod, elbetde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy aýratynlyklarynyň biri. Ozal Hazaryň türkmen kenarynda diňe kiçi gämileri abatlamak mümkin bolan bolsa, indi agramy 10 müň tonna çenli bolan ägirt gämileri abatlamak, ýygnamak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Biz bu ýerde ýurdumyza 2011-nji ýylda getirilen “Bitaraplyk” tankeriniň abatlanylýan pursatyna gabat geldik. Äpet gäminiň abatlanylyşy bilen tanyşmak juda gyzykly. Ilki bilen, agramy 4 müň tonnadan hem geçýän gäminiň kenara nähili çykarylandygy gyzyklandyrýar.

― Zawodyň desgalar toplumynda 10 müň tonna ýüki göterip bilýän ýörite kran bar. Abatlanylmaga degişli gämi kenara ýakynlaşyberenden, bu kran suwuň aşagyna goýberilýär we üstüne gelen gämini ýokary galdyrýar. Soňra gämi demir ýolda ňöreýän ýörite kranlaryň üsti bilen abatlanylmaly ýerine getirilýär ― diýip, portuň ýaş inženerleriniň biri gürrüň berýär.

Metbugat sahypalarynda ozal hem habar berlişi ýaly, bu zawodda ýylda 4 gämini ýygnamaga, 20 gämini bolsa abatlamaga mümkinçilik bar. Işleriň agramly bölegi Germaniýanyň we Awstriýanyň bilelikdäki “Liebherr” kompaniýasynda öndürilen kuwwatly tehnikalar arkaly amala aşyrylýar.

― Bu gämini gysga wagtda doly abatlap bolanymyzdan soňra, ýene-de üç gämini abatlamak üçin kenara çykararys. Häzirki wagtda işler türkmen hünärmenleri bilen birlikde alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde-de ýerli hünärmenlerimize şu tehnikalarda işlemek üçin ýörite okuw geçilýär. Öňümizdäki birki ýylyň dowamynda zawoddaky ähli işleri öz hünärmenlerimiziň zähmeti bilen amala aşyryp bileris ― diýip, zawodyň başlygy Myrat Mämmetgeldiýew aýdýar.

Açyk kenarda gäminiň daşky bölegi täzelener. Üsti ýapyk bölümlerde bolsa onuň matory doly abatlanyp, ýerine oturdylar. Gäminiň matoryny we beýleki böleklerini düşürmek işleri 64 we 84 tonna ýük göterip bilýän 5 sany kranyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Umumy meýdany 166 müň inedördül metre barabar bolan zawodda iş orunlarynyň ۱۱۶۰-sy bar.

Baş Habarlar

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP