ترکمن نیوز

Türkmen edebiýaty 1 300x169 - Türkmen edebiýaty ZELILI(1780 — ۱۸۵۲)

Turkmensnews- Zelili göklen taýpasynyn gerkez tiresinden bolup,Gürgen topragynda dogulýar. Etrek we Gürgendäkimekdeplerde okaýar. Tanymal sahsyýetlerAzady onun babasy bolup, Magtymguly onun daýysydyr.Alym we sahyrlar kowmy Zelilide ylmawe sygra hyjuw oýarýar. Arap we pars edebiýatywe ylmy onun düsünjesini baýlasdyrýar. Gürgenwe Etrek edebi sredasynda tiz tanalýar. 1816-njyýylda Hywa hany Muhammetrahym han Gürgeneýöris edýär we göklenlerin uly bölegini ýesiredip, Hywa sürýär. Zelili sol ýesirler bile Hywadüsýär, 6-7 ýyl onda galyp, 1822-1823-nji ýyllardaEtrege dolanyp gelýär. Zelili we Seýdinin alsanhatlary edebiýatda täze žanry emele getirýär.Zelili basda Magtymgulynyn wepadar sägirdi bolup,son ol uly klassyk bolup ýetisýär. Onun yskywe sosial poeziýasy bar, ol halky we juda sahyrana.Onun bütin gosgulary diýen ýaly türkmeninhalk aýdymyna öwrülipdir. Zelili hakda birnäçemonografiýa ýazyldy. Onun kitaplary dowamlyçap edilýär.Zelili hak asyk we pidakärligin simwolydyr.

Janymyn jananasy

Sen-sen menin dilberim,Janymyn jananasy;

Iki jahan serwerim,Könlümin gamhanasy.

Ýüzlerin gül-gülmüdir,Owazyn bilbilmidir,

Zülplerin sünbülmidir,Dislerin dür dänesi.

Yklym perizady sen,Gamgyn könlüm sady sen

.Sen bir yskyn ody sen,Men pakyr perwanasy.

Men bir misgini-gedaý,Sen näzenin, husna baý,

Kirpigin ok, gasyn ýaý.Men onun nysanasy.

Jynmu sen ýa almu sen,Janyma ajalmu sen,

Günmu sen ýa lalmu sen,Eý, sonalar sonasy

Gylaw berdin dusmana,Dosgy kyldyn bigana

,Indi görmek gümana,Ýamandyr zamanasy.

Zelili, ahy-zaryn,Dilberim, alla ýaryn,

Birew sorsa «Ne kärin?»— Bir senem diwanasy!

تاریخ و زمان خبر

07

10

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda