ترکمن نیوز

hukug 300x169 - Türkiýe kiprli türkleriň hukugyny goramaga dowam ederTurkmensNews-  Hulusi Akar, FETÖ garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini ýatlatdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, täze ýylda  Ortaýer denizinde Türkiýäniň we kiprli türkleriň hukuklaryny gorajakdyklaryny nygtady.

Hulusi Akar täze ýyl gutlagynda, 2019-njy ýylda terrora garşy göreşde uly üstünlik gazanylandygyny we Parahatçylyk Çeşmesi operasiýanyň Siriýanyň territorial bitewiligine laýyklykda guralandygyny aýtdy.

Akar operasiýalaryň parahatçylyk koridorynyň döredilmegini we siriýaly bosgunlaryň howpsyz we meýletin ýagdaýda öýlerine dolanmaklaryny maksat edinýändigini belledi.

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde hukuklaryny goramaga dowam etjekdigini nygtan Akar, Liwiýa bilen gazanylan ylalaşyga zeper ýetirilmegine rugsat bermejekdiklerini nygtady.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreşe hem ünsi çeken Hulusi Akar, FETÖ garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini ýatlatdy.

تاریخ و زمان خبر

01

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda