ترکمن نیوز

Türkiýe DAEŞ-yň agzalary barada Ýewropalylara duýduryş berdiTurkmensNews-  Türkiýäniň içeri işler ministri Süleyman suylu Türkiýede saklanylýan DAEŞ-yň Ýewropaly agzalaryny öz ýurtlaryna gaýtarmak barada duýduryş berdi.

Isna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ýewropaly resmileriň Türkiýede tutulan DAEŞ-yň Ýewropaly agzalarynyň graždanlyk hukuklaryny ýatyrmak barada aýtýan gürrüňleri kabul ederlik däldir we Ankara DAEŞ-yň Türkiýäniň türmelerinde saklanylýan adamlary öz ýurtlaryna gaýtaryp berjekdir diýip Süleyman Suylu aýtdy.

Türkiýäniň içeri işler ministri Ýewropa döwletleriniň özleriniň DAEŞ-e birigen adamlarynyň jogapkärçiliginden boýun gaçyrmaklaryny ýazgaryp Türkiýe DAEŞ-yň adamlary üçin hotel däldir we olar öz ýurtlaryna gaýtarylmalydyrlar diýip yglan etdi.

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň harby operasiýalary başlanany bäri Türkiýe tarapyndan DAEŞ-yň onlarça agzasynyň tutulanlygy barada habarlar ýaýrandyr.

تاریخ و زمان خبر

03

11

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda