ترکمن نیوز

Türk 300x169 - Türk geňşine agza ýurtlar pandemiýa garşy göreşde arkalaşygy güýçlendirýärTurkmensNews-  Türk geňeşine agza ýurtlar koronawirus pandemiýasyna garşy alynyp barylýan göreşde hyzmatdaşlygy we arkalaşygy ösdürmek üçin işe girişdi

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşinden alynan maglumata görä Türk geňeşine agza we synçy ýurtlardan ýokary derejeli resmileriň hem-de alymlar bilen Saglygy gyraýyş ministrliginiň Ylmy geňeşiniň gatnaşmagynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen maslahatda koronawirus epidemiýasyna garşy hyzmatdaşlygy we arkalaşygy güýçlendirmek boýunça anyk çäreleriň üstünde durlup geçildi.

Türk geňeşiniň Baş Sekretary Bagdat Amreýewiň moderatorlyk etmeginde geçirilen maslahatda Geňeşe agzaa ýurtlaryň arasynda yzgiderli maglumat bazalarynyň we epidemologik gözegçilik ulgamlarynyň döredilmegi üçin maksatnama düzülmegi üçin ylalaşyk gazanyldy.

Maslahatda Türkiýäniň öňümizdäki aýyň ikinji ýarymynda agza ýurtlaryň saglygy goraýyş işgärlerine koronawirusa garşy göreş boýunça İzmir welaýatynyň Urla etrabynda okuw-seminaryny geçirmegi we dürli hünärmenlik ugurlarynda onlaýn tälim berilmegi hakynda karar kabul edildi.

Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Emine Alp Meşäniň hem Türkiýede koronawirus keseliniň bejergisinde peýdalanylýan saglyk protokoly, peýdalanylýan dermanlar we beýleki ugurlarda giňişleýin maglumat beren maslahatynyň sorag-jogap bölüminde Türkiýe tarapynyň wekilleri beýleki ýurtlar tarapyndan koronawirusa garşy göreş hakynda berilen soraglara jogap berdiler.

Maslahatda Türk geňeşiniň Ylmy toparynyň ýakyn gelejekde-de yzgiderli maslahatlar geçirmegi boýunça ylalaşyldy.

تاریخ و زمان خبر

13

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda