ترکمن نیوز

Tramp senat mejlisinde özüniň ýazyksyz tanalmagyna gaýtawul görkezdiTurkmensNews-  Amerikanyň prezidenti Tramp özüniň senatda ýazyksyz tanalmagyna görkezen gaýtawulynda bu meseläni bir uly üstünlik bildi

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerikanyň prezidenti Donald Tramp şu gün daňdan özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda ertir bu mesele barada ilatyň arasynda gürrüň berjekdigini aýtdy.

respublikan senatorlaryň Trampa bildirilýän aýyplamalary gözden sowmaklary bilen ýerli wagt bilen düýn ikindin geçirilen senatyň maslahatynda Trampy oňa bildirilýän aýyplamalardan akladylar.orunyndan ýaramaz peýdalanmakda Tramp senatda soraga çekilendir.

senatyň bu baradaky jemleýji maslahatynda düýn ikindin Tramp 52 respublikan senatoryň garşylaşmaklary bilen bildirilýän aýyplamalardan aklandy.

senatyň ses-alynyşynda 47 demokrat senator bilen bir sany respublikan senator Trampy ýaňky meselede ýazykly bildiler.

Tramp geçen Iýul aýynda Ukrainanyň prezidenti Welodimir Zilenski bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde prezident saýlowlarynda özüniň bäsdeşi bolan Jo Baýdeniň zyýanyna bolan maglumatlaryň Ukraina tarapyndan öz erkinde goýulmagyny isläp Amerikanyň Ukraina berýän maliýe kömeklerini bu meselä bagly edipdi.

Amerikanyň wekiller mejlisiniň başlygy Nansy Pelosi Trampyň soraga çekilmeginiň netijesiz bolmagyndan soň beren gürrüňlerinde Trampyň iş başynda bolmagyny demokratiýa üçin howply bildi.

تاریخ و زمان خبر

06

02

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda