Date : Thursday, 20 September , 2018

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň mejlisinde ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýew habar berdi.

Bu işiň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmek boýunça toplumlaýyn ulgamy döretmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Wise-premýeriň sözlerine görä, Döwlet maksatnamasynda halkara ylmy aragatnaşyklaryny ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Döwlet maksatnamasyny oňlap, taryhy ylmy ösdürmekde hem-de halkymyzyň ençeme müň ýyllyk şöhratly senenamasynyň täze sahypalaryny açmakda arheologik barlaglaryň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň, adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi, gymmatly maglumatlaryň täsin çeşmesi hökmünde olary goramagyň, meýdan işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň möhümdigini belledi.

“Öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bellenilen işlere örän giň halkara gerim bermäge mümkinçilik berýän döwrebap maglumatnama ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny, Internet serişdelerini işläp taýýarlamagyň hasabyna işgärleriň hünär taýdan taýýarlanyş usulyýetini, muzeý hem-de wagyz ediş işlerini täzelemek gerek” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Tags :

Habarlar

dutar

Türkmenistan Hazar deňiziň çäginde söwda gatnaşyklaryň ösdürilmeg...

Zarif: Türkiýäniň resmleri bilen geçirlen gepleşikler netijeli bo...

Ruhani: jogäpkärçilik Eýran resmileriniň gowy ýeridir

Gahary ýuwutmak

Gurbanlygyň sogaby

Putiniň Berdimuhamedow bilen geçiren näbelli gepleşigi

Türkmenistanlylar Gurbanlykda üç gün dynç alarlar

Çagany ýatyrmak üçin 10 usul

Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary peýdasyz işdir

Türkmenyn Adı ve Tarihi

gözdegme bilen doganyň dogrulygy

Gasemi: Pompeonyň sözleri Amerikanyň ejizliginiň alamatydyr

Eýran milleti zor aýdylmagyna berk gaýtawul berjekdir

larijani: Amerika bilen sionist režimi sebit durnuksyzlygynyň oja...

Zarif:ýadro ylalaşygynda Eýran Ýewropa garaşyp durmaz

Tramp NATO guramasyndan çykmak bilen haýbat atdy

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek maslahatlaş...

ýewropalylar ýadro ylalaşygy baradaky yradasyny amala döndermelid...

Eýranyň üç güýjiniň başlyklary Amerikanyň haýbat atmlaryna garşy ...

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP