ترکمن نیوز

Taryhda 2- nji ýanwarTurkmensNews-  Taryhyň Şu Güni

۱۹۵۱-nji ýylyň ۲-nji ýanwary… BMG-niň esaslandyryjylaryndan biri bolan Türkiýe Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlanýar. 1954-1961-nji ýyllaryň aralygynda-da Howpsyzlyk geňeşinde wagtlaýyn agza bolan Türkiýe rekord derejede ses alyp, 2009-2010-njy ýyllaryň aralygynda-da şol wezipäni ýerine ýetirýär.

۱۹۷۵-nji ýylyň ۲-nji ýanwary… TRT-ä degişli Türkiýe radiolary TRT1, TRT2 we TRT3 özbaşdak stansiýalardan ýaýlym bermäge başlaýar.

۱۹۷۱-nji ýylyň ۲-nji ýanwary… Futbol taryhyna “Ibrox Pajygasy” hökmünde geçen waka Şotlandiýanyň iki sany güýçli futbol kluby Glasgow Ranjers bilen Keltikiň arasynda oýnalan bäsleşikde ýüze çykýar. Bäsleşigiň soňky minudynda janköýerleriň arasynda emele gelen baş-başdaklyk sebäpli 66 adam bogulyp ölýär, 200-den gowrak adam ýaralanýar.

۲۰۱۶-njy ýylyň ۲-nji ýanwary… Eýran we Saud Arabystany “Ölüm jezasy” düşnüşmezligi sebäpli ýene-de bir gezek ylalaşmazlyga sezewar bolýarlar. Saud Arabystanynyň ۵۷ ýaşly raýaty şaýy ruhany Aýatulla Nimr Al Bakyr Nimriň resmi Riýad tarapyndan terror jenaýaty sebäpli öldürilmeginden soň Eýranda köp sanly şäherde Saud Arabystanynyň hökümetine garşy ýörişler geçirilýär. Saud Arabystanynyň Tährandaky İkçihanasy demonstrantlar tarapyndan oda berilýär.

 

تاریخ و زمان خبر

02

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda