هوای تهران 300x186 - Tähranda howanyň hapalygy sebäpli mekdeplere arakesme berildiEýranyň paýtagty Tähran şäherinde howa hapalygy sebäpli şu gün käbir mekdeplere arakesme berildi

TURKMENSNEWS- Tähranda şu gün ýüreklerinde we öýkenlerinde näsazlyk bar adamlar bilen garrylara we hamyla aýallara hem rugsat berildi. Şäheriň içindäki köpçülikleýin ulaglaryň bahalary iki esse arzanladylar.

Tähranyň gubernatory Enuşirewan Muhsini Bendpeý beren beýanatynda, şäheriň howanyň hiliniň ölçeg merkezine görä, paýtagtda howanyň hapalygynyň ۱۵۰ mikrogramm/kub metr hökmünde kesgitlenendigini we ol mukdaryň allergiýasy bolan adamlaryň saglyklaryna zyýan ýetirip biljekdigini aýan etdi.

Şu gün ýüreklerinde we öýkenlerinde näsazlyk bolan adamlar bilen garrylara we hamyla aýallara hem rugsat berilendigini aýdan Bendpeý, ýük ulaglarynyň ýollara çykmagyna çäklendirme girizilendigini beýan etdi.

Tähran şäheri dünýäde şäherleriň arasyndaky howa hapalygy sanawynda 12-nji orunda durýar.

انتشار دهنده : Besya
دسته بندی اصلی :
تاریخ و زمان خبر

۹:۰۳

۲۵ آذر ۱۳۹۸

کد خبر :

66071

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک