ترکمن نیوز

Şu gün Başakşehir arça we sakura şäher hassahanasy açylarTurkmensNews-  Hassahananyň açylyşy şu gün Prezident Erdoganyň we Ýaponiýanyň Premýer ministri Sinzo Abeniň wideo konferensiýa arkaly gatnaşmagynda açylar

Saglygy goraýyşda üýtgeşme taslamasynyň çäginde gurulan Stambul şäherindäki Başakşehir arça we sakura şäher hassahanasy, şu gün Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we Ýaponiýanyň Premýer ministri Sinzo Abeniň wideo konferensiýa usuly bilen gatnaşjak dabara bilen hyzmat bermäge başlar.

Koronawirus epidemiýasyna garşy göreş etabynda Prezident Erdoganyň gysga wagtda açyljakdygy barada buşlan hassahananyň ۱-nji tapgyry 20-nji aprelde hyzmat bermäge başlady.

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşine goşant goşan hassahananyň ilkinji etabynyň açylmagyndan soň edara diňe koronwirusa ýolugan adamlara hyzmat berýärdi.

۷۸۹ müň ind metr meýdana gurulan we 1 million 21 müň ind metr ýapyk meýdana eýe bolan hassahana, 2 müp 68 seýismik izolýasiýa bilen ýer titremä çydamly ýagdaýda guruldy.

Mundan başgada 3 aýry dikuçar gonalgasy bolan, 10 blokdan ybarat hassahana, 456-sy reanimasiýa bölümine degişli bolan jemi 2 müň ۶۸۲ orunlyk mümkinçilige eýe.

تاریخ و زمان خبر

21

05

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda