• news ID :

    20218

  • /
  • Date :

    2018-05-23

  • Font

Book 2Kh 1 300x200 - SintaksisTurkmensnews- Sintaksis grammatikanyň bir bölümi bolup, baglanyşykly sözleýşiň gurluşyny öwredýär.

Sintaksis, adatça, iki bölümden durýar:

a)söz düzümi;

b) sözlem.

Şonuň üçin söz düzüminiň sintaksisi we sözlemiň sintaksisi diýip hem aýdylýar.

Sintaksis söz toparlarynyň grammatiki hyzmatlaryny öwrenmek bilen hem meşgullanýar. Mysal üçin, atlaryň sintaksisi, sypatlaryň sintaksisi we ş.m.

Diňe bir söz düzümleriniň ýa-da sözlemleriň sintaksisi däl eýsem tekstiň sintaksisi hem bolup biler. Onda söz düzümleriniň ýönekeý hem goşma sözlemleriň, şeýle hem goşma sintaktik bitinligiň gurluş aýratynlyklary öwrenilmän, baglanyşykly sözleýşiň has uly möçberdäki görnüşleri, ýagny tekstiň gurluşy derňelýär. Tekst bolsa goşma sözlemlerden hem, goşma sintaktik bitinliklerden has hem uludyr. Ol gepiň nähili ýagdaýda aýdylýanlygy bilen baglanyşykly bolup, goşma sintaktik bitinligiň çäginden daşa çykýar. Teksti dil hem stil taýdan derňew etmekde oňa degişli aýratynlyklary öwrenmegiň möhüm ähmiýeti bar.

Sintaksis öwrenilende, dine ýazuw edebiýatyndaky mysallara salgylanmak ýeterlik däldir. Munuň üçin janly gepleşigiň sintaksisini hem gowy bilmek gerek. Aslyýetinde sintaksis gözbaşyny janly gepleşikden alyp gaýdýar. Çünki adamlar sözlemler arkaly pikir alyşýarlar. Sözlemleriň aragatnaşyk hyzmaty biçak uludyr.

Dilde dürli sintaktik gurnamalar ulanylýarlar. Olar sözleriň we söz düzümleriniň we sözlemleriň grammatikanyň düzgünlerine laýyklykda birleşip gelmekleri netijesinde emele gelýärler. Olardan söz düzüminiň gurnamasy, ýönekeý sözlemiň gurnamasy, goşma sözlemiň gurnamasy ýaly görnüşlerini görkezmek bolar.

Sintaktik baglanyşyk diýlende, söz düzüminiň we sözlemiň bölekleriniň arasyndaky baglanyşygyna düşünilýär. Ol iki hili bolýar:

a) düzmeli baglanyşyk;

b) eýerjeňli baglanyşyk.

Düzmeli baglanyşyk deňdeş agzalary we düzmeli goşma sözlemiň böleklerini baglamaga hyzmat edýär: “Muňa her bir gysym sunny zer, göwher, dür Turkmenistan diýerler! Bu topragyň üsti hem hazyna, asty hem hazyna, dagy hem hazyna, deňzi hem hazyna. Bu toprakda ýylyň ähli paslynda önüm önýär, hasyl ýygnalýar, atan her bir dänäň müň bolup gaýdyp gelýär” (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).

Eýerjeňli baglanyşyk biri beýlekisine garaşly sözleri we sözlemleri baglamaga gatnaşýar. “Bu toprakda kesewiňi dürten ýeriň bagy-bossan bolýar, ýaýyndan okuňy gaçyrsan, bu toprak altynbaş bugdaý öndürýär, söz gaçyrsaň, dana pähim bolup galkynýar bu toprak, ýaşasaň, rysgal-bereket bolup göterilyär bu toprak!” (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).

Sintaktik serişdeler sözlemdäki sözleriň bir-birine baglydygyny bildirýär. Bulara düşüm, degişlilik, köplük, şahs goşulmalary degişlidir. Sözleri biri-birine baglaşdyrmakda bu goşulmalaryň uly ähmiýeti bardyr.

Sözlem agzalarynyň, söz düzümleriniň bölekleriniň arasynda sintaktik gatnaşyklar bolýar. Söz düzümlerinde aýyrgyçly, doldurgyçly we ahwalatly gatnaşyklar ulanylýan bolsa, sözlemlerde şolar bilen bir hatarda, habarly we anyklaýjyly gatnaşyklar ýüze çykýarlar.

Sintaksis janly gepleşik dilini öwrenýänligi üçin, ol heň, dyngy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Heň sözlemde sintaktik many we duýgy – täsir öwüşginini bermek üçin ulanylýar. Heňiň birlikleri hökmünde labyz, deňölçeglilik gepiň güýçlüligi ýa-da pesligi, çaltlygy, haýallygy, ses öwüşgini, jümle we logiki basymlar gatnaşýarlar.

Heň sözlemiň esasy alamatydyr. Eger heňi aradan aýyrsak, onda beýleki alamatlar bolanda hem, ol sözlem görnüşinde ulanylyp bilmeýär.

Dilde heňiň görnüşleri kändir. Ozaly bilen heň sözlemiň grammatiki taýdan şekillenmegi üçin zerurdyr. Şu tarapdan heňi iki topara bölüp görkezmek boljak:

1) gutaran heň

2) gutarmadyk heň. Gutaran heň bolanda, sözlem doly aýdylyp gutarylýar: “Berdi aganyň ogluna Annaguly sölpi diýerdiler. Ol süňklek, garaýagyz, burunlak bir oglandy” (A.Durdyýew. Saýlanan eserler).

Gutarmadyk heňde aýdylanda, sözlem gutarman, ýene-de dowam etdirilýär: “- Kaka, tanar gidersiň-dä, gurgunmy özüň (N.Saryhanow. Saýlanan eserler).

Aýdylyş maksady boýunça heň habar bermek, buýurmak, soramak ýaly dürli görnüşlerde bolup biler.

Duýgy aňlatmak gerek bolanda, ýüzlenme heňi ulanylýar.

Goşma sözlemi hasyl edýän bölekleriň arasynda sanama, degşirme, şertlendirme, düşündirme ýaly heňler duş gelýärler. Bulardan başga-da, çagyryş heňi, giriş we sokma sözleriň hcňleri ulanylýarlar.

Dyngy gep akymynyň wagtlaýyn togtamagyny ýa-da dürli sebäplere görä arasynyň kesilmegini bildirip, dürli hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Dyngy sintaktik gatnaşygy boýunça iki topara bölünýär:

sintaktik dyngy:

sintaktik däl dyngy.

Sintaktik dyngy sözlemleriň ýa-da sözlemleriň bölekleriniň arasynda goýlup, belli bir sintaktik gatnaşyklary ýüze çykarmak üçi hyzmat edýär: ‘”Kerim ol söýgini, ol gudraty daş-töwerekdäki hemme zatda, hemme ýerde: adamlaryň ýüzünde-de, çölüň gözel keşbinde-de, haýwanlarda-da, çöp-çalamlarda- da, kesejiklerde-de, daşjagazlarda-da okaýardy” (Ý.Mämmediýew. Ene toprak): “Söz – ynsanyň miwesi Ýöne ol miwe adama Alla tarapyn berilýändir” (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).

Sintaktik däl dyngy dem almak, tolgunmak, logiki (yzygiderli pikirlenmek ukybynyň bolmazlygy) bilen baglanyşykly ýüze çykyp biler: “-Şirin. ol öýde ýok. Ol… – diýip, sözüni ýarysyndan kesip durdy. (N.Saryhanow. Saýlanan eserler): “Tutuş dessanda Jygaly beg öldi diýlen ýeri ýok ahyry… Meger… meger Jygaly beg “Türkmende ýene bir är ýigit dörär” diýip garaşyp ýörendir!’’ (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).

Dyngy sözleri, sözlemleri birleşdirip hem gelýär, olary bir-birinden aýryp hem görkezýär. Şu tarapdan ol iki topara bölünýär:

birleşdiriji dyngy:

bölüji dyngy.

Birleşdiriji dyngy baglaýjylar bilen meňzeş bolup, deňdeş agzalary, baglaýjysyz goşma sözlemleri hasyl edýän bölekleri birleşdirip gelýär.

Bölüji dyngy aýry-aýry sözlemlerden soň goýulýar. Bir sözlem aýdylyp gutarylandan soň, ikinji sözleme geçilýär. Şol aralykda bölüji dyngy goýulýar: “Men size şu ugurdan başga bir gürrüň bereýin. Meniň işim oba gezmek boldy. Garagumuň içleri bilen gezdim. Halk çeper edebiýatyny ýygnaýardym” (N.Saryhanow. Saýlanan eserler).

Duýduryjy dyngy hem bolýar. Ol gepiň dowam edýänligini, yzda bir pikire üns çekilýänligini, deňdeş agzalaryň sanalyp geçilýänligini ýa-da öňdäki sözlemiň ýetmeýän ýerini doldurmak, anyklaşdyrmak we düşündirmek maksady bilen duýduryş berilýänligini bildirýär: “Geň görmeli zat: iş gutaryp barýarka, Şaseneme adamsy telefon etdi” (A.Atajanow. Öz tanyşlaryň).

Dyngy eýe bilen habaryň arasynda hem goýulýar. Habar isimlerden bolup, eýe bilen grammatiki taýdan baglanyşmadyk ýagdaýynda, olaryň orunlaryny çalşyryp aýtmak mümkinçiligi döreýär. Şeýle bolanda, eýe bilen habaryň arasynda dyngy berilýär, ýazuwda bolsa şol ýerde keseçyzyk goýulýar: “Türkmende ulynyň sözi – kiçi üçin perman! Kiçini sylamak – uly üçin parz! (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).

Sözlemiň eýesinden öň birnäçe aýyklaýjy agzalar gelende, eýeden soň dyngy berilýär. Şol ýerde säginme barlygyna aldanyp, ýazuwda, köplenç, ýalňyşyp, otur hem goýýarlar. Emma hakykatda ol ýerde otur goýulmaly däldir: “Gorkut atanyň kitabyny okan her bir adam //onda örän sagdyn aňly, giň gözýetimli, akyl-paýhasly, baý, ‘agzybir, edermen oguz begleriniň ýaşaýyş keşplerini görýär” (Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama).

Sintaksis morfologiýa bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Olaryň ikisi birleşip, grammatikany düzýärler. Morfologiýa söz toparlaryny, olaryň ýasalyşyny, üýtgeýşini hem-de grammatiki şekillenişini öwrenýän bolsa sintaksis olary sözlcmde birleşdirip, dildäki aýdylyşy ýaly derňeýär. Morfologiýany gowy öwrenmeseň, sintaksisi hem oňat bilmek mümkin däl. Mysal üçin, atlaryň häsiýetli aýratynlyklaryny, olaryň düşüm degişlilik, san bilen üýtgeýişlerini bilmeseň, olaryň sözlemdäki ýerine ýetirýän hyzmatyna düşünmek bolmaz. Sözlemiň eýesini tapjak bolsaň hökmany suratda baş düşümde gelen sözi tanamaly. Aýyrgyçlary biljek bolsaň – sypatlary, ahwalatlary biljek bolsaň – hallary, habary biljek bolsaň, işlikleri öwrenmeli. Şunlukda, sintaksis morfologiýa bile baglaşdyrylyp öwredilende, sintaksisiň çylşyrymly meselelerinden baş çykarmak bolar.

Sintaksis fonetika bilen hem ýakyn baglanyşyklydyr. Heň, labyz, dyngy ýaly köp meselelerde fonetika ýüzlenmeli bolýarys.

Sintaksisiň wezipesi söz düzümlerini we sözlemleri, mümkin boldugyça, doly öwrenmekden, olaryň gurluş hem many taýdan toparlara bölünişini derňemekden, sintaktik gurnamalaryň (konstruksiýanyň) köpdürlüligini ýüze çykarmakdan, olaryň many aňladyjylyk ukybyny hem-de duýgy-täsirli we stil öwüşginlerini hasaba almakdan ybaratdy.

Turkmen diliniň sintaksisini ylmy taýdan öwrenmekde köp iş edildi. Bu ugurda önjeýli zähmet çeken alymlardan A.P.Poseluýewskiniň, H.Baýlyýewiň, N.K.Dmitriýewiň, P.Azymowyň, A.M.Annanurowyň, M.Hamzaýewiň, G.Saryýewiň atlaryny hormat bilen tutmak mümkin.

XX asyryň ikinji ýarymynda türkmen diliniň sintaksisine degişli ençeme işleriň edilendigini, birnäçe jedelli meseleleriň çözülendigini aýtmak gerek. Söz düzümleri, ýönekeý hem goşma sözlemleriň sintaksisi dolurak işlenildi. Ýöne entek türkmen diliniň sintaksisinde we onuň dyngy belgilerinde çözülmeli meseleler hem az däl. Ol meseleler boýunça geljekde ylmy derňewler alnyp barlar.

Çeşme: Nartyýew N., Penjiýew M., Myradow A. N 44 Häzirki zaman türkmen dili. Sintaksis. Okuw kitaby. – A.: Ylym, 2002.-352 sah.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز