ترکمن نیوز

Turkmen Dili 251x300 - Ses we harpTurkmensNews- Ses gep agzalarynyň hereketi esasynda döredilýän, özbaşdak alnanda, hiç hili many aňlatmaýan, sözleýşiň in kiçi birligi bolsa, harp şol sesi ýazuwda görkezmek üçin alnan şertli belgidir. Bir sesi görkezmek üçin dürli dillerde, dürli ýazuwda, dürli şertli belgiler ulanylyp bilner. Meselem: arap ýazuwynda – j; latyn ýazuwynda – z; rus ýazuwynda-i.

Şeýlelikde, sözleýşiň iň kiçi fonetik birligi sesdir, harp bolsa şony görkezmek üçin alnan belgidir. Elipbiý düzülende, öňe sürülýän esasy talap şol dildäki ulanylýan many bilen baglanyşykly sesleri (fonemalary) görkezmek üçin aýratyn belgi almakdyr.

Mälim bolşy ýaly, dilde ulanylýan sesleriň mana gatnaşygy birmeňzeş däl. Baba sözünde ulanylýan [b] sesleriniň biri-birinden tapawutlydygy – sözüň başyndaky [b] zarply, sözüň ortasyndaky [b] süýkeşdir. Diýmek, olar aýry-aýry seslerdir. Emma mana gatnaşygy taýyndan bir fonemadyr. Şonuň üçin-de, olar birmeňzeş belgi (harp) bilen görkezilýär, ol sözüň düzümindäki [a] sesleri-de birmeňzeş däl, birinji [a] uzyn, ikinji [a] gysgadyr. Şu hili uzynlyk-gysgalyk türkmen dilinde many aňlatmak taýyndan tapawutlanýar. Şoňa esaslansak, olaryň her haýsysyna degişli aýratyn belgi (harp) almaly, emma türkmen ýazuwynda olar tapawutlandyrylmaýar.

۱۹۹۳-nji ýylyň aprel aýynyň ۱۲-sinde Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary bilen latyn ýazgysynda düzülen türkmen milli elipbiýi kabul edildi.

Çeşme: Täçmyradow T. T, Häzirki zaman Türkmen dili. Fonetika. Okuw kitaby. -A.: Ylym,2002. -152 sah.

تاریخ و زمان خبر

23

05

2018

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda