ترکمن نیوز

Trump 300x169 - Saýlawyň öňüsyrasynda Trumpyň Eýrana garşy toslamalaryTurkmensNews-  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti, saýlaw kampaniýasyny dowam etdirip, Amerikanyň käbir habar beriş serişdeleriniň ýalan habarlaryna we Ak tamyň işgärleriniň söweşjeň sözleriniň dowam etmegine salgylanyp, Eýrana ýene bir gezek haýbat atdy

Fars habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump şu gün (sişenbe) özüniň Twitter sahypasynda Amerikanyň käbir habar beriş serişdelerinde näbelli çeşme bilen metbugat habarlaryna salgylanyp Eýran, Sardar Kassem Soleýmaniniň terror edilmeginiň aryny almak üçin Amerika garşy bir hüjümi ýa-da terrory meýilleşdirmegi mümkindir diýip toslady.

Kampaniýasyny dowam etdirip, Trump ýene-de Eýrana haýbat atyp, ABŞ-nyň bähbitlerine edilen islendik hüjüme “müň esse güýç” bilen jogap berjekdigini aýtdy.

Amerikanyň “Paltiko” gazeti duşenbe güni hiç hili subutnamasyz Eýranyň,Sepah pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Haj Kassem Soleýmanyň jenaýatçylykly öldürilmeginden ar almak üçin Amerikanyň bir diplomatyny öldürmegiň yzyndadyr diýip toslady.

Günorta Afrikanyň Daşary işler ministrligi,Amerikan neşiriniň Eýran tarapyndan Günorta Afrikadaky ABŞ-nyň ilçisine abanýan howpy baradak aýdanlaryna geň galdy we Günorta Afrikanyň bu barada maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.

bu aralykda, Eýran Yslam Respublikasynyň resmileri Sardar Soleýmanyň öldürilmegi üçin ar almagyň şol derejede amala aşyryljakdygyny birnäçe gezek nygtadylar.

 

تاریخ و زمان خبر

16

09

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda