ترکمن نیوز

300x200 - Russiýa: “Aýasofýa bilen bagly karar Türkiýäniň içerki işidir” diýdiTurkmensNews-  Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin mesele bilen bagly metbugat işgärlerine beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin, Aýasofýanyň metjit hökmünde ybadata açylmagy bilen bagly kararynyň, Türkiýäniň içerki işidigini belläp, muňa ne ýudunyň ne-de beýleki döwletleriň goşulmaly däldigini belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Aýasofýanyň metjit hökmünde ybadata açylmagy bilen baglanşykly kabul edilen kararyň üstünde durup geçdi.

Aýasofýa meselesiniň dünýäde uly seslenme döredendigini aýdan Werşinin: “Muňa Türkiýäniň içerki işi hökmünde hereket edýäris. Tebigy ýagdaýda muňa ne biz ne-de beýleki döwletler goşulmaly däl” diýip nygtady.

Sergeý Werşinin Aýasofýanyň global medeniýet taýdan ähmiýetli bir gurluşdygyna ünsleri çekdi.

Döwlet Geňeşi 10-njy iýulda kabul eden karary bilen, Aýasofýanyň metjitden muzeýe öwrülmegi bilen baglanşykly 1934-nji ýylyň ۲۴-nji noýabrynda kabul edilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň kararyny ýatyrdy, ondan soň Prezidentiň karary bilen Aýasofýa metjidi, Din işler edarasynyň garamagyna berildi.

تاریخ و زمان خبر

14

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda