ترکمن نیوز

Ruhani Amerikanyň syýasatlary 300x169 - Ruhani:Amerikanyň syýasatlary terrorizmiň odyny ölçerýändirTurkmensNews-  Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku-da goşulmazlyk hereketiniň başlyklar maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň yzarlaýan bir taraplaýyn syýasatlary dünýäniň dürli sebitlerinde terrorizmiň ýüze çykmagyna sebäp bolandyr diýip nygtady.

Amerikanyň uruş odyny ölçermegi terrorizmiň we dürli pitneleriniň amala gelmeklerine sebäp bolup beýleki ýurtlara milliardlarça harajaty tönkändir diýip prezident Ruhani aýtdy.

goşulmazlyk hereketi özüniň köp agzalary bilen we halkara guramalardaky özüniň sesleri bilen dünýäniň ýüzünde täze bir güýç toplumynyň amala gelmegine şert döredip biljekdir diýip prezident Ruhani sözlerine goşdy.

Ruhani şeýle-de sebitiň soňky bulagaýçylyklaryna yşarat edip öz ykballaryny özleri kesgitlemekde milletleriň hak hukuklaryna hormat goýup ýurtlaryň içeri işlerine goşulmazlyk bilen hem-de arkalaşyklara gowy şerti döredip sebitiň dartgynlylyklaryna çäre görüp boljakdyr diýip beýan etdi.

prezident Hasan Ruhani şeýle-de sebitiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini möhüm bilmek bilen Eýran Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda Hormozyň barlyşyk taslamasyny maslahat berendir Eýranyň bu taslamasynyň maksady Pars aýlagyň ýakasyndaky ýurtlaryň arasynaky düşünişmezlikleri aradan aýyryp dostlukly arabaglanşyklary berkarar etmeklikdir diýip nygtady.

تاریخ و زمان خبر

26

10

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda