ترکمن نیوز

Ruhani Erdogan - Ruhani bilen Ardogan telefon arkaly söhbetdeşlik gecirdilerTurkmensNews-  Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti we Türkiýäniň prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini nygtadylar

 

Penşenbe güni agşam Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani iki ýurduň gatnaşyklaryny beýleki goňşular üçin görelde hökmünde häsiýetlendirdi we Eýran-Türkiýe şertnamalarynyň, esasanam söwda we bank hyzmatdaşlygynda çalt durmuşa geçirilmegini isledi.

Ruhani sebitdäki terrorçylyga garşy göreşi möhüm mesele diýip atlandyrdy we terrorçy toparlaryň sebite uly howp abandyryp biljekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti gepleşigiň başga bir bölüminde, Nagorno-Garabag sebitindäki krizis we Eýranyň Azerbaýjan we Ermenistan ýurtlary bilen serhetýaka şäherleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurlygy barada aýdyp, urşuň çözgüt däldigini we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmalydygyny aýtdy.

Ruhani, Eýran we Türkiýe sebitdäki iki güýçli ýurt, şeýle hem Orsýet sebitde parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmaga kömek edip biljekdigini we Siriýa krizisini çözmek üçin üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etmeginiň möhümdigini aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti,hem, Eýrany Türkiýäniň gowy dosty we goňşusy diýip atlandyrdy we ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalary sebäpli Türkiýäniň Eýrana goldaw bermegini dowam etdirjekdigini we söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Ardogan terrorçylyga garşy göreşde Eýran bilen hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm faktor diýip atlandyrdy we bu hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem Türkiýäniň prezidenti, Nagorno-Garabag krizisinde Eýran-Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň, krizisiň gepleşikler arkaly çözülmegine we sebite parahatçylygyň we asudalygyň dolanmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

 

 

تاریخ و زمان خبر

23

10

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda