ترکمن نیوز

بردی محمدوف+پوتینTurkmensNews- Orsýetiň prezidenti Putiniň Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň temasy syr bolup galýar.

Orsýetiň prezidenti bilen Türkmenistanyň prezidentiniň ýapyk gapylaryň arkasynda näme hakynda gepleşendigi düşünüksiz bolmagynda galýar.

۱۵-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Soçide rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy.gepleşikleriň açyk böleginiň Kremliň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen stenogrammasyna laýyklykda, Putin bilen başa-baş duşuşygy Berdmuhamedow haýyş etdi. Taraplar “ikitaraplaýyn gatnaşyk üçin gyzyklanma döredýän ähli meseleleri – ykdysadyýet, sosial pudak, ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlyk, halkara işleri barada maslahat etmegi niýet edindiler”.

Rus lideriniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bu duşuşykdan bir gün öň žurnalistlere “ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesiniň tutuş toplumy, şol sanda, mümkin bolan energiýa dialogy ara alnyp maslahatlaşylar” diýdi.

Türkmen telewideniýesi bary-ýogy bir minut uzaklygyndaky sýužeti görkezdi. Onuň ۳۰ sekundynda duşuşygyň ýazgysy görkezildi, ýogsa adatça bu hili derejedäki beýleki duşuşyklara sagatlap wagt berilýärdi.

TDH döwlet habar gullugy Kremliň stenogrammasyny has gurak görnüşde, iki ýurduň baýdaklarynyň fonundaky boş oturgyçlaryň suratyny görkezip, gaýtalamak bilen çäklendi.

Ýatladýarys, Wladimir Putin Türkmenistanda 2017-nji ýylyň ۲-nji oktýabrynda resmi saparda boldy.

۲۰۱۸-nji ýylyň ۶-njy iýunynda bolsa, Döwlet dumasy Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassyklady.

تاریخ و زمان خبر

24

08

2018

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda