ترکمن نیوز

Prezident Ruhani Türkiýäniň garaşsyzlyk gününiň ýyllygyny gutladyTurkmensNews-  Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Türkiýäniň garaşsyzlyk gününiň ýyllygyny bu ýurdyň döwletine we milletine gutlady.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Türkiýäniň prezidenti rejep Taýyp Ärdogana ýollan hatynda bu ýurdyň garaşsyzlyk gününiň ýyllygyny gutlamak bilen geçen 10 ýylyň gidişinde sebitde ýüze çykan wakalar we sebit meselelerini çözmek ugurda Eýran bilen Türkiýäniň ýerine ýetiren roly iki ýurdyň arkadaşlygynyň sebit ýurtlarynyň howpsuzlygyna kepil geçilmeginde aýgytlydygyny belli edendir diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani , Eýran bilen Türkiýäniň taryhy, dostlukly-doganlykly gatnaşyklarynyň ýüzi mydama ösüşe tarap bolandyr diýmek bilen hyzmatdaşlyk boýunça ýokary geňeşiň guralmagy we bu geňeşiň geçirýän düzgünli maslahatlary we komissiýalary Tehran-Ankaranyň gatnaşyklarynyň ösüşine badalga berendir diýip beýan etdi.

تاریخ و زمان خبر

31

10

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda