ترکمن نیوز

1 158 300x185 - Özbek lideri Prezidenti Şewket Mirziýoýew şu gün Türkiýä gelerÖzbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Türkiýede saparda bolar.

Turkmensnews- Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, fewral aýynyň ۱۹-۲۰-i aralygynda Türkiýede saparda bolar.

Sputnigiň berýän habaryna görä, “Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Prezident R. T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda fewral aýynyň ۱۹-۲۰-i aralygynda Türkiýede saparda bolar”.

Saparyň çäginde Prezident Erdogan bilen kärdeşi Mirziýoýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty geçirler.

Liderler iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, söwda, medeni, transport we infstruktura pudagynda edilýän gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.

Türkiýäniň tanymal firmalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşjak Mirziýoýew, Prezidentiň Millet kitaphanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

تاریخ و زمان خبر

19

02

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda