ترکمن نیوز

جمهور ازبکستان 300x201 - Özbek Lideri BMG-niň Baş Assambleýasyna Özbek Dilinde Çykyş EtdiTurkmensNews-  Özbegistanyň Prezidenti Şawkot Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasyna özbek dilinde çykyş etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkot Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasyna özbek dilinde çykyş etdi

Mirziýoýew: “Şu günki günde ýurdumyzdaky demokratik özgertmeleriň gerimi günsaýyn giňeýär” diýdi.

Şawkot Mirziýoýew BMG-niň ۷۵-nji Sessiýasyndaky wideo çykyşynda rus dilinde däl, eýsem özbek dilinde geplemegi saýlap aldy.

Özbegistanyň garaşsyzlygyndan bäri prezident hökmüde BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşynda rus dilinde däl, eýsem ilkinji gezek özbek dilinde çykyş etmegi saýlap alan Mirziýoýew çykyşynda koronawirus epidemiasynyň adamzadyň şeýle global howplara garşy goragsyzdygyny görkezendigini we yzgiderli dialogyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aç-açan görkezendigini beýan etdi.

Mirziýoýew şol çäkde edilýän tagallalaryň birleşdirilmeginiň, borçlaryň berçinlendirilmeginiň, halkara hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmeginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hukuk derejesini we potensialyny artdyryp, ygtyýaryny giňeltmegiň hökmanydygyny nygtady.

Üç ýyl ozal özüniň BMG-niň Baş Assambleýasynda Özbegistanyň düýpli özgertmeleri iş ýüzüne geçirmekde ygrarlydygyny beýan edendigini ýatladan Mirziýoýew: “Syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady özgertmeleriň çäginde edilen giň gerimli özgerlişikleriň netijsinde täze Özbegistany gurýarys. Şu günki günde ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň gerimi günsaýyn giňeýär” diýdi.

تاریخ و زمان خبر

24

09

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda