ترکمن نیوز

2 136 300x185 - Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary uzak aralykdan sport bäsleşigine gatnaşdylar۲۳-nji aprelde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurdumyzdan, şeýle hem Hindistandan hem-de Gyrgyzystandan Daşkendiň lukmançylyk akademiýasynyň Ürgenç şahamçasynda we Daşkendiň Muhammet Al-Horezmi adyndaky maglumatlar tehnologiýalary uniwersitetiniň Ürgenç şahamçasynda bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda kiçi futbol hem-de woleýbol boýunça uzak aralykdan sport bäsleşiklerini gurady.

Türkmenistanyň hemişeik Bitaraplygy derejesini almagynyň ۲۵ ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde guralan sport gözden geçirilişi başlanmazdan öň ýurdumyzyň Daşkentdäki diplomarik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ýazguly Mämmedow ýaş nesliň wekilleriniň ünsüni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň saglygyny goramak ulgamynda, şeýle hem sport bilen meşgullanmagy we işjeň durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işlere çekdi.

Ilçi öz onlaýn-çykyşynda Türkmenistanyň ۲۵ ýyllygy temasyny we Bitaraplyk derejesiniň köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň netijeleliginiň esasy ýagdaýy hökmünde jikme-jik beýan etdi.

Koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan ýagdaýy göz öňünde tutup, ilçi Ýa. Mämmedow talyplary şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge, şahsy goraglylyk we dezinfeksiýa serişdelerini ulanmaga, şeýle-de beden işjeňligini saklamaga çagyrdy.

Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleri döwlet Baştutanyna hemmetaraplaýyn goldawy we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döreden mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirdiler.

تاریخ و زمان خبر

23

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda