ترکمن نیوز

Özbegistanda geçirlen saýlawyň netijeleri belli boldyTurkmensNews-  Saýlawlarda ýurtdaky 5 syýasy partiýadan jemi 750 dalaşgär Mejlisdäki 150 kürsü üçin bäsleşdi

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mirza Ulubek Abduselamow, düýn ýurtda geçirlen saýlawlarda Liberal demokrat partiýasynyň ۴۳, Milli ösüş partiýasynyň ۳۵, Adalat we sosýal demokrat partiýasynyň ۲۱, Halk demokrat partiýasynyň ۱۸ we Ekalogiýa partiýasynyň hem Mejlisde 11 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazanandygyny aýtdy.

Abduselamow saýlawa bolan gatnşyň ۶۷, ۸ göterimdigini we saýlawda 13 million 355 müň ۹۱۱ saýlawçynyň ses berendigini belledi.

Ýurtdaky jemi 150 saýlaw merkeziniň ۱۲۸-de halk deputatlarynyň birinji tapgyrda saýlanandygyny aýdan Abduselamow, 22 saýlaw merkezinde bolsa iň köp ses alan iki dalaşgär üçin iki hepdäniň dowamynda saýlawyň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini nygtady.

“Täze Özbegistan, täze saýlawlar” şygary bilen geçirlen saýlawlarda ýurtdaky 5 syýasy partiýadan jemi 750 dalaşgär Mejlisdäki 150 kürsü üçin bäsleşdi.

Saýlawlarda iň köp ses alan partiýa premýer ministrlige dalaşgärini Prezidente hödürlär.

تاریخ و زمان خبر

24

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda