ترکمن نیوز

1 184 300x188 - Özbegistanda çöken suw howdany Gazagystana hem zyýan ýetirdiTurkmensnews- Türkistan welaýatynyň gubernatory Umirzak Şukeýew mesele bilen bagly beýanat berdi

Özbegistandaky suw howdanynyň çökmegi serhediň golaýynda ýerleşýän Gazagystanyň Türkistan sebitine hem zyýan ýetirdi. Şol sebäpli Gazagystanyň Türkistan welaýatynda 30 müňden gowrak adam başga ýerlere göçürildi.

Türkistan welaýatynyň gubernatory Umirzak Şukeýew beren beýanatynda, Özbegistanyň Sardoba suw howdanynyň çökmeginden soň, suw howdanyna akan suwuň mukdarynyň azaldylmagy maksady bilen suwlama kanallaryny açandyklaryny we şol sebäpli Türkistan welaýatynda 631 öýi suw basandygyny habar berdi.

Şukeýew, suwlaryň artmagy netijesinde welaýatyň ۱۴ obasyndan 30 müň ۵۸۱ adamy başga ýerlere göçürendiklerini habar berdi.

Türkistanyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda, aşa gelen suwlar sebäpli käbir obalarda, suw kanallarynyň kenarlarynda we ýoluň gyralaryna çägeli haltalaryň ýerleşdirilendigi aýan edildi.

Özbegistanda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli 1-nji maýda Sardoba suw howdanynyň bir bölegi çöküpdi, ýüzlerçe öý suwyň aşagynda galypdy, 56 adam ýaralanypdy we 70 müňden gowrak adam başga howpsyz ýerlere göçürilipdi.

تاریخ و زمان خبر

06

05

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda