ترکمن نیوز

Türkiýe ozbekestan 300x169 - Özbegistan Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyny berkidýärTurkmensNews-  Özbegistan Türkiýe bilen strategik hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi we giňeldilmegi barada karar kabul etdi

Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden berilen beýanata görä, “Türkiýe bilen strategik hyzmatdaşlygy has hem güýçlendirmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek” bilen bagly kararlar kabul edildi.

Karara laýyklykda, Özbegistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä ýetirjek çäreleriň programmasy tassyklandy we Türkiýe bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda iş alyp barjak koordinasiýa geňeşi döredildi. Geňeş çäreler programmasynyň amala aşyrylyş tapgyryny analiz eder, çäreleriň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

Türkiýe bolsa şu ýylyň ahyrynda çenli Samarkand şäherinde baş konsullyk açar.

تاریخ و زمان خبر

22

08

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda