ترکمن نیوز

uçar amrika 300x169 - Owganystanda ýere gaçan ABŞ-e degişli uçar bilen bagly derňew başladyldyTurkmensNews-  Owganystan Gazna welaýatyna ABŞ-e degiŞli bir harby uçaryň ýere gaçmagy bilen baglanşykly dernew işi başladyldy

 

ABŞ-nyň goşuny Owganystanda duşenbe güni ýere gaçan uçaryň Amerikanyň goşunyna degişli E-11A kysymly harby uçardygy tassyklandy

Emma uçaryň od açylyp ýere gaçyrylandygy bilen baglanşykly hiç hili subutnamanyň ýokdygy aýan edildi.

Owganystandaky Amerikan harby güýçleriniň metbugat geňeşçisi uçaryň näme sebäpli gaçandygynyň derňelýändigini habar berdi.

Gözegçilik maksatly ulanylan uçaryň Gazna welaýatynda terror guramasy Talibanyň gözegçiligindäki Deh Ýak diýilen ýerine gaçypdy.

Terror guramasy Taliban uçary od açyp ýere gaçyrandygyny we içindäki amerikan esgerleriniň ölendigini öňe sürüpdi.

 

تاریخ و زمان خبر

29

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda