ترکمن نیوز

owganistan bombaly hüjüm 300x169 - Owganystanda Taliban tarapyndan guralan bombaly hüjümde 10 esger ýogaldyTurkmensNews-  Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatynyň Sangin etrabyndaky harby merkeze Taliban tarapyndan guralan bombaly hüjümde 10 esger ýogaldy.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Ömer Zuwak, metbugata beren beýanatynda Talibanyň, Sangin etrabyndaky harby merkeziň golaýyna goýlan bombany uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly ýarandygyny aýtdy.

Hüjümde 10 esgeriň ýogalandygyny aýdan Zuwak, 4 esgeriň hem ýaralanandygyny belledi.

Zuwak hüjümden soň Talibanly başbozarlar bilen esgerleriň arasynda çaknyşygyň bolandygyny ýatlatdy.

Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa hüjümde 26 esgeriň ýogalandygy öňe sürüldi.

 

 

تاریخ و زمان خبر

29

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda