واکسن روسی ضد کرونا 300x169 - Orsýetde täze wiruslara garşy milli goranyş ulgamy döredilýärTurkmensNews-  Orsýet Federasiýasynyň prezidenti täze wiruslara garşy milli goranyş ulgamynyň döredilmegini buýurdy

 

IRNA-nyň habaryna görä, epidemiýa we koronawirusyň ikinji tolkunynyň ýokarlanmagy sebäpli Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin “Orsýet Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze wiruslara garşy milli goranyş ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça guramaara komissiýasynyň döredilmegini buýurdy.

bu karardan soň Orsýetiň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedewiň ýolbaşçylygynda hökümetara komissiýa döredildi.

bu Geňeş wirus keselleriniň ýaýramagy bilen baglanyşykly beýleki içerki we daşarky howplara garamaly we şol bir wagtyň özünde täze keselleriň döremeginiň we ösüş mehanizmleriniň üstünde gözleg geçirmelidir.

bu komissiýanyň agzalary Saglygy goraýyş, ylym we ýokary bilim, senagat we söwda ministrleri, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Moskwanyň häkimi, Sarp edijileri goramak boýunça federal agentligiň, Maldarçylyk we balyk hojalygyna gözegçilik federal gullugynyň, Russiýanyň Federal lukmançylyk we biologiýa gullugy başlyklary saýlandy.

Iň soňky statistikalara görä, şu wagta çenli Orsýetde 1,369,000-den gowrak adam korona wirusyna uçrandyr, şolardan 23,723 adam öldi.

 

 

انتشار دهنده : Medeniyet
دسته بندی اصلی :
تاریخ و زمان خبر

۱۰:۳۸

۲۶ مهر ۱۳۹۹

کد خبر :

84412

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک