ترکمن نیوز

آتانگ بیلن گورلشمک 282x300 - Nähili ene-ataňyz bilen gürrüňdeş bolup bolar?Belki mekdepde bolup geçen wakalar barada ýa-da öý işleriňiz baradadyr? Şahsy maslahat almak üçin bolsa belki-de olara ýüzlenmek isleýän dalsiňiz. Emma bu mümkinçiligi hut olara berseňiz, onda boljak netijä haýran galmagyňyz hem mümkin.

Edil ene-ataňyz ýaly size söýgisini we mährini siňdirip, aladaňyzy etjek hiç bir adam ýokdur – hatda siz olardan daşlaşjak bolup jan etseňiz hem diýip, psiholog lukmanlar nygtaýar.

Ene-ataňyz bilen gepleşmek siziň özüňizi ýene-de çaga ýaly alyp barýandygyňyzy asla aňlatmaýar. Siz olaryň pikirini sorarsyňyz, belki kä wagt siz olar bilen ylalaşmarsyňyz. Ýöne ene-ataňyz bilen gürrüňdeş bolmagyň siz üçin bähbitlidigine göz ýetirersiňiz…..Indi näme gürrüňlerden başlasaňyz gowy bolarka?

۱-nji maslahat: Gürrüňiňizi ähmiýeti uly bolmadyk mowzuklardan başlaň.

Ene-ataňyz bilen her gün biraz gepleşmäge synanyşyň we ondan-mundan, gaty bir ähmiýetli bolmadyk zatlar barada söz açyň – güjüjegiňiz barada, sport oýunlaryňyz barada, agşamlyga nähili naharyň bişiriljekdigi dogrusynda. Şeýle etmek bilen siz aragatnaşygy sazlaýarsyňyz. Elbetde, has ähmiýetliräk mowzuklara degişlilikde gürrüňe geçmeklik o diýen kynçylyk döretmez.

۲-nji maslahat: “Synanyşyk şarlaryny uçurmak” tärinden peýdalanyň.

Eger siz çylşyrymlyrak mowzuklary gozgamakçy bolsaňyz, dessine dik başaşak gitmezlik kä halatlarda aňsat bolýar.Siz şeýle diýip bilersiňiz: “Eje, özüňizde ýetginjek döwri ýaňy bir özgerişleriň bolup geçýändigini duýanyňyzda, özüňizi nähili duýanlygyňyz ýadyňyza düşýärmi? Beýleki deň-duşlaryňyz sizden has çalt ösýän ýaly bolup duýuldymy?”

۳-nji maslahat: Gepleşikden näme netije almak isleýändigiňizi anyk biliň.

Ene-ataňyza gürrüň bermekçi bolýan nähili-de bolsa şum (erbet) habaryňyz barmy? Ýa-da size näme-de bolsa bir zat üçin olaryň rugsady gerekmi? Ýa-da siz olaryň hiç hili maslahatdyr teklip bermezden diňe diňläp oturanlaryny isleýärsiňizmi? Gürrüňdeşlikden näme netije aljak bolsaňyz bu barada öňünden ýazmaça bellik edip görüň. Şeýle etmek bilen siz öz pikirleriňizi jemläp, ene-ataňyza aýtmakçy bolýan zadyňyzy aýtmagy başararsyňyz.

۴-nji maslahat: Ene-ataňyzyň haýsy-da bolsa biri bilen gürrüňdeş bolmagy nazarda tutuň.

Eger-de bir çylşyrymly, meseläni orta atmak aňsat bolmasa, onda ony ene-ataňyzyň haýsy-da bolsa biri bilen, ýagny şu mesele hakda gürrüň etmekden hiç bir çekinmän, aç-açan gürrüň edip biljegiňiz bilen söhbetdeş bolmak gerek.

۵-nji maslahat: Aýtjak sözleriňizi, delilleriňizi huşgärlik bilen ulanyň.

Soňy dawa-jenjele alyp barmadyk ýagdaýynda gürrüňdeşlik gowy gidýär. Eger-de ahyrynda çykgynsyz ýagdaýa ýa-da dawa alyp barýan bolsa, onda siz we siziň ene-ataňyz özlerini “urşuň tutaşmagynyň öňüsyrasyndaky aljyraňly ýagdaýda” duýarlar. Eger siz ýagdaýlaryň aglaba köpüsinde olaryň rugsat berýän çäklerinden çykmasaňyz, olaryň goýýan talaplarynyň çäginde hereket edýän bolsaňyz, onda biraz gijräk gelmegiňize ýa-da, mysal üçin, täze bir zat bilen meşgullanmagyňyza rugsat bermeklerini haýyş etseňiz, elbetde, bu ýagdaýda olaryň rugsadyny almaga has köp mümkinçiligiňiz bolar.

۶-njy maslahat: Amatly wagtyny we amatly ýerini saýlap almaly.

Ýakymsyz habarlary ene-ataňyzyň dykgatyna edil olar işe gitjek bolup alňasap ýören wagtynda ýetirmek asla gowy pikir däl. Olaryň haýsy-da bolsa bir ýumşuny berjaý etmek maksady bilen ulag serişdesinde barýarkaňyz bu barada gürrüň etmek ýerlikli bolsa gerek. Eger bardy-geldi siziň gaharyňyz gelen bolsa, onda köşeşýänçäňiz garaşyň.

۷-nji maslahat: Ene-ataňyz siziň bilen gürleşip otyrkalar diňlemegi başaryň.

Ene-atanyň pikirini diňlemän bolmaz. Siz olara öz pikirlerini aýtmaga maý berseňiz, olar hoşniýetlilik bilen sizi diňlemäge taýýar bolarlar. “Bäş sekund düzgünini” peýdalanmaga synanyşyň: Bir adam gepläp bolandan soň, jogap bermezden öň bäş sekund garaşmaga hemmeler taýýar.

۸-nji maslahat: Özüňiziň ynam bildirýän başga bir uly adamlaryňyzy tapyň.

Ene-ataňyz bilen gürleşmek asla mümkin bolmaýan ýagdaýlar hem bolýar. Belki-de öz aladalarynyň ýetik bolandygy sebäpli ejeňiziň sizi diňläsi gelmeýär. Ýa bolmasa, kakaňyz sizi diňlemäge asla taýýar däl. Ene-ataňyzdan biri belki-de siziň ýanyňyzda hem däldir. Şeýle bolanda, elbetde, siziň ululardan ynam bildirýän başga bir adamyňyz bar bolsa, şony tapmaly. Mysal üçin, gowy görýän daýzaňyzy, mugallymaňyzy ýa-da maslahatçyňyzy. Gürleşmek zerurlygy ýüze çykanda, ýüz tutup bolaýjak ynamdar bir uly adamyň bolmagy uly ähmiýete eýedir.

تاریخ و زمان خبر

07

05

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda