ترکمن نیوز
Yanghee Lee:

Mýanmarda musulmanlary gyrana bermek jenaýaty dowam edýärTurkmensNews- Birleşen Milletler Guramasynyň Mýanmar işleri boýunça ýörite hasabatçysy bu ýurtda Ruhingiýali musulmanlaryň gyrana berilmeginiň dowam etýänligini yglan etdi.

Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Mýanmar döwleti demokratiýany berkarar etmäge we ähli raýatlaryna deň şertleri döretmäge ykjam däldir diýip Birleşen Milletler Guramasynyň Mýanmar işleri boýunça ýörite hasabatçysy Yanghee Lee aýtdy.

۲۰۱۷-nji ýylyň ۲۵-nji Awgustyndan bäri ýene bir ybaratda Mýanmar goşunynyň Rahin welaýatyndaky Ruhingiýali musulmanlara garşy täze döwür hüjümleri we jenaýatlary başlanany bäri azyndan 6 müň musulman ölüp 8 müňden gowrak musulman ýaralanandyr we azyndan bir million musulman hem Bangladeşe gaçmaga mejbur bolandyr.

Mýanmaryň Rahin welaýaty 2012-nji ýyldan bäri bu ýurdyň goşunynyň we ekstremist butdistreriň musulmanlara garşy hüjümlerine şaýatlyk edýändir.Mýanmar goşuny bu ýurtdaky Ruhingiýaly musulmanlary çykarmagyň yzyndadyr.

تاریخ و زمان خبر

26

10

2018

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda