Date : Saturday, 26 May , 2018

Magtymguly-PyragyTurkmensNews – Adamzat taryhyna ser salanymyzda, müňýyllyklaryň dowamynda köpläp beýik şahsyýetleriň ýaşap ötendigini görýäris. Medeni jemgyýetiň kemala gelmeginden we taryhdan öňki döwürlerde-de şeýle ynsanlaryň ýaşap geçendigini çaklamaklyk hakykatdan has sowa düşmeklik bolmasa gerek.

Gynansak-da, şol şahsyýetler dogrusynda bizde häzirki günde maglumatlar düýbünden ýok ýa-da olar hakyndaky käbir maglumatlar rowaýatlar we legendalar görnüşinde bize gelip ýetipdir. Şu sebäpli-de ylmy nukdaýnazardan olaryň taryhy şahsyýetler bolandygy şübhe astyna alnyp, olara “rowaýaty”, “legendar” şahsyýetler, gahrymanlar hökmünde garalýar. Mälim bolşuna görä, uzak taryhy geçmişde biziň ata-babalarymyz ýaşaýyş, durmuş, döwür, adamlar, bolup geçýän wakalar dogrusyndaky anyk maglumatlary asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirmegiň alajyny agtarypdyrlar. Netijede, pederlerimiz gaýalara, daşlara suratlary çekmek, soňabaka şekillerde we belliklerde wakalary beýan etmek arkaly maglumatlary saklamaklyga çalşypdyrlar. Arheologik gazuw-agtaryşlary netijesinde ýüze çykarylan we heniz-henizlerem tapylýan ýazgyly daşlar, toýun kerpiçleri, papirus, pergament, agaç gabyklary, kagyz ýaly önümlere möhürlenen ýazgylar we şekiller munuň aýdyň subutnamalarydyr. Käte biziň gadymy taryhy tapyndylary ýüze çykaranymyzda, olarda beýanyny tapan häzirkizaman ylmy nukdaýnazaryndan iňňän dogry hasaplanýan ylmy maglumaty görüp, gadymy ata-babalarymyzyň bular dogrusynda eýýäm şol alys döwürlerde anyk bilendiklerine, gynansak-da, bu barada biziň birnäçe asyr ýa-da müňýyllyk geçenden soňra bilendigimize, açyş edendigimize juda-juda geň galýarys. Netijede, dürli-dürli pikirler, garaýyşlar emele gelýär. Biziň pikirimizçe, birçaklar anyklanylan ylmy maglumatlar şol eýýamlarda ony saklamagyň we geljekki nesillere geçirmegiň kämil ulgamlaýyn mümkinçilikleriniň, serişdeleriniň, maglumatlaýyn tilsimatlaryň, maglumat ulgamynyň, has jemläp aýdanymyzda, maglumat jemgyýetiniň heniz bolmandygy munuň düýp sebäbi bolsa gerek. Mysal üçin, Gadymy Müsür siwilizasiýasynyň taryhyň gatlaryna siňmegi bilen, onuň ýazuwy, medeniýeti ýaly miraslarynyň aglaba bölegi-de adamzat üçin ýitirilipdir ýa-da unudylypdyr. Diňe gelip, 19-20 asyrlarda Gadymy Müsüre bolan gyzyklanma artmagy netijesinde kän açyşlar edildi. Biz gadymy müsürlileriň astronomiýa, matematika, arhitektura, medisina ýaly ylymlarda ep-esli netijeleri gazanandygyna göz ýetirdik. Bu beýleki siwilizasiýa merkezleri babatda-da hut şeýledir. Umuman, şu zerarly adamzat hatda öz taryhyny şindi hem doly, anyk we takyk bilmeýär, bu babatda ýüzlerçe soraglar, pikir-garaýyşlar bar, olar gitdigiçe artmasa, kemänok. Bu ýagdaý taryhy şahsyýetler babatynda-da dürli soraglaryň henize çenli anyk jogapsyz galmagynyň esasy sebäbidir. Mysal üçin, birnäçe asyr ozal ýaşan şahyrlaryň, pelsepeçileriň we beýleki görnükli adamlaryň haýsy milletiň wekili bolandyklary, olaryň doglan seneleri we ýaşan ýerleri, hatda haýsy eserleriň olara anyk degişlidigi hakyndaky soraglara jogap tapmakda uly kynçylyklar, jedelli soraglar dowam edýär. Netijede, biz her bir taryhy şahsyýetiň ömrüne we döredijiligine göz ýetirmek üçin, onuň yaşap geçendigi çaklanylýan döwrüni içgin öwrenip, şol döwre we ondan soňky döwürlere degişli çeşmeleri seljermeli bolýarys. Şeýle-de taryhy şahsyýetiň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine aýgytlaýjy täsirini ýetiren taryhy ýagdaýy çintgiläp öwrenmeli bolýarys. Gynansak-da, bu-da köp halatlarda gutarnykly, takyk netijäni çykarmaklyga mümkinçilik bermeýär. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri babatda-da bu hut şeýledir. 20-nji asyryň ortalarynda kabul edilen çaklama laýyklykda, Pyragy 1733 ýylda doglup, 1782 ýylda aradan çykypdyr diýlen maglumat öňe sürlüp gelindi. Bu senäniň kabul edilmegi Arminiý Wamberiniň kitabynda görkezilen maglumat bilen baglydyr. Çünki wenger alymy Merkezi Aziýa syýahat edende, Gyzyl ahundan Magtymguly Pyragy hakyndaky gürrüňleri eşidýär. Soňra bu meselä Ahmet Ahundow-Gürgenli, Ruhy Alyýew, B.Garryýew, M.Kösäýew, R.Rejepow ýaly alymlardyr ýazyjylar ýüzlenipdirler. Emma mesele henize çenli gutarnykly çözüldi diýip aýtmaklyga bizde esas ýok. Çünki aýdylýan çaklamalar şahyryň käbir goşgularyna esaslanýar, has takygy, olarda beýan edilen taryhy şahslar barada bar bolan maglumatlara, goşglarynda şahyryň öz daş keşbi hakynda ýazan setirleri ýaly gytaklaýyn (anyk ylmy maglumatlaryň ýoklugu zerarly) bilen baglanyşdyrylyp, dürli çaklamalar öňe sürülýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu sene biraz yza süýşürildi. Ýagny Pyragy 1724-1807 ýylllarda ýaşapdyr diýlen maglumat kabul edildi. Biziň pikirimizçe, bu sene-de gutarnykly we berk taryhy maglumatlara, çeşmelere esaslanmaýandygy zerarly anyk däldir. Pyragynyň ömür ýolunyň anyk seneleri geljekki ylmy seljermeleri talap edýär. Soňky çaklama döredilende bolsa, Çowdurhanyň ölümi, owgan şasy Ahmet Dürranynyň Maşada gelen ýyly (1769-70ýý.), soňra ölüminiň senesi (1772ý.) ýaly ýagdaýlardan we Pyragynyň öz goşgusynda özüne “ak saçly” diýmeginden çen tutulýar. Netijede, bu goşgy ýazylanda, Pyragy 45 ýaşlarynda bolan bolmaly diýlip çaklanylýar. Näme üçin Pyragynyň eýýäm 45 ýaşda saç-sakgaly çuw-ak bolmalymyş? Mysal üçin, hut meniň ýaşym 45 ýetende bolsa, saçlarym heniz çuw-ak bolanok. Hakykatda, Çowdur han ölende, Pyragy 70-80 ýaşlarynda bolan bolsa näbilýäň? Görşümiz ýaly soraglar kän, jogaplar bolsa ýok. Magtymguly Pyragynyň ömri hakynda maglumatlaryň az saklanyp galandygyna garamazdan, onuň kämillige gol ýapan beýik taryhy şahsyýet bolandygyna şübhe bolup bilmez. Galyberse-de, ol hezretleri weli derejesine ýeten öňdengörüji ynsan bolandygy-da şübhesizdir. Pyragynyň şahsyýet hökmünde dünýägaraýşy iňňän çylşyrymly bolmak bilen, ol, ilkinji nobatda, yslam dini bilen, has-da sopuçylyk tarykaty (sufizm) bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki biziň tutuş medeniýetimiz, sungatymyz, pelsepämiz, däp-dessurlarymyz şol bakylyk nurundan gözbaş alýar. Şol bir wagtda-da Pyragy dünýewi ylym-bilimlerden kemsiz habarly bolandygy-da aýdyň hakykatdyr. Pyragynyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, şübhesiz, türkmen halkynyň milli mirasy, medeniýeti we gadymy taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Diýmek, biz bu barada kelam agyz aýdyp geçsek, ýerlikli bolar. Türkmen halkynyň hem, edil umumy türki halklaryňky ýaly, iňňän gadymy taryhy bar. Gynansak-da, ýewropaly alymlaryň, ylaýta-da, hindiýewropa halklaryny we dillerini öwrenýän alymlaryň türki halklaryň taryhdaky möhüm ornuna (çünki türki halklar iň gadymy etnoslaryň biri bolup, san taýdan-da ep-esli bölegi tutýar) kembaha garamaklary netijesinde türki halklaryň etnogenezine, siwilizasiýanyň ösüşindäki taryhy ornuna bolan nädogry garaýyşlar irden bäri ylymda höküm sürüp gelýär. Eýran dilli halklaryň, hamala diýersiň, ähli ýerde ýaşandyklary, soňra niredendir bir ýerlerden türki halklaryň gelip, eýran dilli halklary özlerine gatyp-garyp (assimilirläp), olaryň ýerlerine eýe bolandyklary ýaly nädogry maglumatlar zerarly, bu möhüm mesele henize-bu güne deňiç düýpli ylmy çözgüdini tapman gelýär. Gynandyrýan ýeri, şol alymlar türki halklaryň nireden gelenini-de subut edip bilenoklar, nädip “az sanly gelmişek halyna” giden geografiki territoriýada ýaşap oturan san taýdan has agdyk eýran dilli halklary assimilirläp, türkileşdirip bilendigini-de esaslandyryp bilenoklar. Türkmenistan ençeme gadymy medeniýetleriň ojagydyr. Türkmen milleti bu medeniýetleriň hakyky mirasdüşeridir. Jeýtun, Änew, Altyndepe eneolit ekerançylyk medeniýetlerinden başlap, Marguş siwilizasiýasyna çenli, beýik Parfiýa döwletinden başlap, beýik Seljuk türkmen döwletine çenli, Horezmşalardan başlap, Türkmenistan Sowe Sosialistik Respublikasyna we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çenli, onlarça ululy-kiçili döwletleri guran hem biziň ata-babalarymyzdyr. Şonuň ýaly-da türkmen halky ähli türki halklaryň we türki dünýäsiniň iň gadymy agzalarynyň biridir. Emma, gynansak-da, ХIII asyryň ýigriminji ýyllarynda Çingiz hanyň basybalyjylykly çozuşyndan soň, oguz-türkmen halkynyň ata Watandan (häzirki Türkmenistanyň çägi) çar ýana dargamak hadysasy bolup geçýär. Has takygy, türkmenler bilen gypjaklaryň döreden Horezmşalar döwleti ХIII asyryň ýigriminji ýyllarynda Çingiz hanyň basybalyjylykly hüjümine sezewar bolýar. Döwletiň içerki gapma-garşylyklary zerarly, gypjaklar Türkan hatynyň syýasaty netijesinde Muhammet şanyň bitewi goşun bilen mongollara garşy söweşe girmekden saklanyp, her bir uly galanyň özüni goramagy hakyndaky nädogry buýrugy bermegini gazanýarlar. Netijede, az sanly dagynyk goşunlary mongollar bir çetinden gyryp, ýurdy weýran edýärler. Muhammet şanyň türkmen aýalyndan bolan Jelaleddin Meňburun bitewi goşuny jemläp, mongollary Amyderýanyň kenarynda garşy almak hakyndaky pikiri näçe öňe süren-de bolsa, bu adalatly we dogry pikire gulak gabardan tapylmaýar. Muhammet şanyň pajygaly ykbalyndan soň Jelaleddin soltanyň baştutanlygynda halkymyz watany azat etmek üçin birnäçe ýyllap aldym-berdimli söweşleri dowam etdirýär. Emma indi öňki mümkinçilikler bireýýäm elden giderilipdi. Köneürgenç, Amul, Merw ýaly ajaýyp şäherlerimiz ýer bilen ýegsan edilipdi, iň esasysy-da, gadymy köklere eýe bolan ajaýyp medeniýetimize öwezini dolduryp bolmajak derejede zeper ýetirilipdi. Ine, gojaman taryhyň şol pajygaly döwründen başlap, merdana türkmen halkymyzyň berkarar döwlet gurup, azat-erkana ýaşamak hakyndaky hasratly arzuwlary öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Bu wakalardan soňra Seljuk türkmen döwleti döwründe başlanan günbatara sary göçüşler has güýçli depgin bilen dowam edýär. Dana pederlerimiziň:”Iki göç- bir talaň” diýişi ýaly, bitewi milletimiz çar ýana ýaýylýar. Owşar, baýat, gaýy, halaç, begdilli, zulkadar ýaly güýçli oguz-türkmen kowumlary Azerbaýjana, Eýrana, Anadola çenli baryp ýetýärler. Anadolyda beýik Osmanly türkmen döwletini, paýtagtlary Diýarbekir we Tebriz şäherleri bolan Akgoýunly we Garagoýunly türkmen döwletlerini esaslandyrýarlar. Ýeri gelende aýtsak, Sefewi döwleti-de şolaryň aýgytlaýjy hyzmatlarynyň netijesinde gurulýar. Häzirki Türkmenistanyň çäginde galan türkmenler bolsa sekiz ýüz ýyllap ýarym oturumly, ýarym çarwa halda ýasamaga mejbur bolýarlar. Ýöne muňa seretmezden, merdana halkymyz bitewi döwlete eýe bolmadyk halyna-da, öz milliligini doly saklap galmagy başardy. Bu gudrata barabar taryhy hakykatdyr. Alym hem syỳahatçy, Magtymgulynyň otuza golaỳ goşgusyny nemes diline terjime eden we neşir eden wenger Arminiý Wamberi ХIХ asyryň ikinji ýarymynda derwiş sypatynda Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistanyň çägine gelende, ençeme beỳik döwletleri guran türkmenleriň agyr ỳagdaỳyny, hatda paỳtagt eder ỳaly ỳekeje şäherleriniň hem ỳokdygyny görüp, gaty geň galỳar. Emma onuň has geň galan başga bir zady bardy. Ýagny ol: “Türkmenler Pamir daglarynyň eteklerinden, tä Hazar deňiziniň ỳakalaryna çenli uzaỳan giňişlikde örän dagynyk ỳagdaỳda ỳaşaỳarlar. Olar nädip dagap gitmän, özlerini bir millet derejesinde saklap bilỳärkäler?” diýip oýlanýar. Bu soragyna özi şeỳle jogap hem berỳär:„Sebäbi her öỳde Magtymguly okalỳar, “Görogly” hem “Oguznama” okalỳar“. Dünỳä belli filosof Haỳdegeriň belleýşine görä, watan iki “aỳagynyň” üstünde durỳar. Olaryň birisi “maddy aỳak”, ỳagny toprakdyr ýa-da ýerdir, ikinjisi bolsa “ruhy aỳak”, ỳagny milletiň dilidir. Şol “aýaklar” synsa, watan hem elden gider, ýitip ýok bolar. “Maddy aýak”, ỳagny toprak, ýer keseki basybalyjylar tarapyndan eỳelenip, hatda onuň hakyky eỳeleri onlarça we ỳüzlerçe ỳyllap gulçuluga höküm edilse-de ỳa-da olar öz yurdundan kowulsa-da, watan ỳeke “aỳagynyň” üstünde durup, öz ýaşaỳşyny şol halkyň dilinde dowam etdirer we iru-giç beỳleki “aỳagyna” gowşup, has berkirak hem has beỳikräk ỳagdaỳda gaỳtadan dikelip biler. Emma “ruhy aýak” synsa, ýagny dil ýitirilse, watanam ýiter, şol milletem ýitip ýok bolar. Türkmen milleti öz dilini we milliligini gorap saklamagy başarandygy üçin hem taryhyň çarkandakly ýollaryny sag-aman geçip, millet hökmünde rowaçlanmagy we ajaýyp milli döwletini esaslandyrmagy başardy. Munuň üçin biz merdana ata-babalarymyza çäksiz minnetdar bolmaga borçludyrys. ХV asyrdan başlap, oguz-türkmen tire-taýpalarynyň bir-birleri bilen jebisleşip, umumymilli häsiýete eýe bolmagy soňra türkmen milletiniň ХV asyrda kemala gelendigi hakyndaky nädogry pikiriň döremegine sebäp boldy. “Oguznama” eseri, “Görogly”, “Gorkut ata” eposlary, “Asly-Kerem”, “Şasenem-Garyp” ýaly dessanlarymyz iň gadymy döwürlerde- saklaryň, massagetleriň, marguşlylaryň we parfiýalylaryň zamanynda kemala gelen umumytürki edebi nusgalardyr we olara soňra yslam dininiň öwüşginleri çaýylypdyr. Bu ajaýyp eserler, galyberse-de, gaýtalanmajak milli mirasymyz we medeniýetimiz türkmen milletiniň iň gadymy köklerden gözbaş alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Gynansak-da, ХIII-ХХ asyrlaryň aralygynda türkmen milletine ýeke-täk bitewi döwleti berkarar etmek bagty miýesser etmedi. Magtymguly Pyragynyň:”Hor galmasyn puştba-puştum, berkarar döwlet istärin” diýmeginiň düýp özeninde şu pajygaly hakykat ýatyr. Magtymguly Pyragy özüniň kakasy Döwletmämmet Azadynyň milli idiýalaryny has ynamly, has paýhasly, has batyrgaý öňe sürüp, merdana halkymyzyň bitewileşmeginde, milli döwlet gurmak ideýasynyň halkyň aňynda ornaşmagynda, türkmeniň milliliginiň pugtalanmagynda möhüm taryhy wezipäni ýerine ýetirendigi üçin türkmeniň beýik milli şahyryna öwrüldi. Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda Hajygowşan obasynda dünýä inýär. Ol türkmeniň gökleň tiresiniň gerkez urugyndandyr. Şahyryň özi bu barada şeýle ýazýar: Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr. Magtymguly başlangyç bilimi we terbiýäni öz pederi Döwletmämmet Azadydan alýar. Şeýle-de ol ýaşlykda öz ata-babalarynyň ýonaçylyk hünärlerini özleşdirmegiň daşyndan, demir hem kümüş ussaçylygyny-da (zergärçilik) öwrenýär. Şahyryň bu hünärleri öwrenmegi öz halal çöregini gazanmagy üçin hem zerurdy. Galyberse-de, sopuçylygyň nagyşbendiýe tarykatynda kabul edilen ýörelgä laýyklaykda-da her bir sopy hünär öwrenmek we ony ýöretmek arkaly öz çöregini gazanmalydyr. Bu tarykatda kabul edilen düzgüne laýyklykda el serip, gedaýçylyk edýän ykmanda derwüşler ýazgarylýar, her bir ynsanyň öz halal lukmasyny öz halal zähmeti bilen gazanmagy ündelýär.

Habarlar

Ruhani: uly gudratyň garşysynda ejiz bolsak hiç ýere ýetmeris...

Syrlar we duýgular bilen dokalan gözellik

Türkmen halıları

Sintaksis

Ses we harp

wagt,dünýä we ahyret hakynda (1)

Maşgala hepdeligine bagyşlanan ýörite gepleşik

Büyük İpek Yolu: Asya’dan Anadolu’ya

Mertebesi belent Ýolbaşçysy ,Aziýa ýurtlary birek-birek bilen köp...

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna gämi gurluşyk we abatlaýyş ...

Alp Arslan adyndaky teatrda “Alty gelin” täze oýun goýuldy

Oraza aýynda agyz beklenýän we açylýan wagtlary 2018

Oraza, Türkmen Halkynyň mukaddes aýy

Magtymguly Pyragy (2)

Mgtymguly Pyragy (1)

türkmen şaý—sepleri

türkmenler oraza aýyny gyzykly garşylaýarlar

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň harby düzümlerini barlady

Larijani: Amerika birleşen milletler guramasyny ýok etmegiň yzynd...

Ilkinji kofe

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP