ترکمن نیوز

3 300x185 - Mertebesi belent Ýolbaşçy, sagdyn ykdysadyýetde işçiniň ornunyň ýokary ähmiýete eýedigini nygtadylarTurkmensnews- Yslam Ynkylabynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy, sagdyn ykdysadyýetde önümçiligiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmakda we baýlyk döretmekde işçiniň ornunyň hemde işçi bilen iş berijiniň özara borçlarynyň ýokary ähmiýete eýedgini nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, Zähmet we zähmet hepdeligi mynasybetli çarşenbe güni ýedi önümçilik topary bilen göni wizual baglanyşykda ähli işçileri we zähmetkeşleri Zähmet hepdeligi bilen gutladylar hemde Önümçilikden umytly hasabatlary diňlemegi süýji we özüne çekiji hasaplamak bilen işçi synpy jemgyýetiniň meselelerini çözmegiň çözülmeli möhüm meseleleriň biridigini aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri ýurduň ykdysadyýetiniň maksadyny baýlyk öndürmek we halk arasynda adalatly paýlamakdygyny aýtmak bilen Sagdyn ykdysadyýeti gazanmak üçin işçi esasy sütünlerden we ýurtda baýlyk öndürmekde ilkinji faktorlardan biridir diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri işiň hilini ýokarlandyrmak üçin ökde we başlangyçly işgäri uly sebäpkär hasaplamak bilen bir wagtda kärhanalar we iş berijiler işçi güýjüniň bilimlerini we başarnyklaryny we ykdysady kärhanalaryň peýdalaryndan paýyny artdyrmalydyrlar we işçi hem has uly jogapkärçilik we ynjyklyk bilen hereket etmelidir diiýp beýan etdiler.

ol hezretleri sözüniň dowamynda Işçileri we iş berijileri ykdysady ösüşiň we ösüşiň iki esasy sütüni hasaplamak we “adalatly hemde tertibilje aýlyk bermek, tölegler, iş howpsuzlygy, ätiýaçlandyryş, bilim, durmuş we saglyk hyzmatlary” ýaly zähmet hukuklaryna üns bermelidigini aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sözüniň ýene bir bölüminde “önüm badalgasyna” ýene bir ybaratda ýylyň şygaryna ( 1399-njy ýyl) yşarat edip Eýranyň ykdysadyýetinde önümçilik meselesini adam bedeniniň goranyş ulgamyna meňzedip Bedeniň goranyş ulgamynyň wiruslara garşy göreşde möhüm rol oýnaýşy ýaly, önümçiligiň ýüzi ösüşe tarap bolsa ýurduň ykdysadyýetini tebigy we emeli wiruslardan we sanksiýalar ýa-da nebitiň bahasynyň üýtgemegi we dürli zarbalardan gorap biler diýip nygtadylar.

تاریخ و زمان خبر

06

05

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda