Date : Tuesday, 25 September , 2018

Mekdeplerde “Soňky jaň” baýramyTurkmensNews- Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň ýaňlandy we okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.

Şu gün mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan ýetginjekleriň we gyzlaryň ۸۵ müňden gowragy üçin has-da dabaraly hem-de tolgundyryjy boldy. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilim aldylar. Olaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolanlar, döredijilik bäsleşiklerine, çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşyp, öz mekdepleriniň abraýyny goran okuwçylar bar.

Şu ýylky uçurymlaryň köpüsi geljekki hünärini kesgitlemegi başardylar. Olaryň öňünde giň ýollar açyldy, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etmäge bolan ägirt uly mümkinçilikler döredi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň anyk netijeleridir. Ýaş nesiller, olaryň saglygy, terbiýesi, bilimi we aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy baradaky alada şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde döwlet ösüşiniň depginleri häzirki zaman täzeçil tehnologiýalara kämil derejede erk edip bilýän hünärmenleriň taýýarlygyny talap edýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda berkidilýär, ýaşlaryň ukyplaryny we başarnyklaryny, olaryň batyrgaý meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Her ýylda ýurdumyzyň şäherlerinde we çetdäki künjeklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýän häzirki zaman mekdepleri, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary we çagalar-sagaldyş dynç alyş merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şeýle desgalaryň dostlukly ýurtlarda türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýändigini bellemeli. Geçen hepdede Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Funtowo obasynda täze mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmegi munuň subutnamasydyr.

Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy üçin mekdepleriň okuw tertipnamalaryna binýatlyk dersler bilen bir hatarda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we täzeçil tehnologiýa ýaly dersler hem-de möhüm täze usullar girizildi.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi himiýa, biologiýa we beýleki dersleri çuňňur özleşdirmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini kesgitledi. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen, mekdep okuwçylaryna öwredilýän daşary ýurt dilleriniň görnüşleri artdyrylýar we olaryň okadylyş usuly kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda iňlis, fransuz, nemes, ýapon dillerini çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim syýasaty hem-de sagdyn we hemmetaraplaýyn ösýän, zehinli ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek boýunça amala aşyrylýan iri möçberli işler oňyn netijelerini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalara gatnaşyp, baýrak alýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde belent sepgitleri eýeleýärler.

Şu ýylyň ilkinji aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde, taslama olimpiadalarynda jemi 61 medal gazandylar. Olaryň ۱۰-sy altyn, 11-si kümüş we 40-sy bürünç medallardyr. Ýaş türkmenistanlylar Internet — bäsleşiklerinde hem köp sanly ýokary sylaglara mynasyp boldular.

“Soňky jaň” dabaralarynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Çagalar we ýetginjekler köşgünde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda üç tapgyrda geçirilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Mekdep okuwçylary dürli ugurlar, şol sanda şygryýet we labyzly goşgy okamak, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, el işleri, taryhy ýadygärlikleriň görnüşini dikeltmek boýunça öz zehinlerini görkezdiler. Ýaş zehinler öz döredijilik işleri üçin mowzuklary we ýörelgeleri döwlet Baştutanymyzyň gadymy kerwen ýoluna bagyşlan manyly eserinden susup aldylar.

Mugallymlar, olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, işlerini kämilleşdirmek hakyndaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bilim edaralaryna her ýylda täze bilim neşirleri, okuw we usulyýet gollanmalary iberilýär. Olary taýýarlamaga mekdep mugallymlary, Bilim ministrliginiň öňdebaryjy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri gatnaşýarlar.

Ýurdumyzda mugallymlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri, olaryň hünäriniň abraýynyň belende galmagy, öňdebaryjy mugallymlaryň we terbiýeçileriň tejribeleriniň wagyz edilmegi üçin zerur mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldaw bermeginde Bilim ministrligi tarapyndan yzygiderli esasda “Ýylyň mugallymy”, “Ýylyň terbiýeçisi” ýaly döwlet bäsleşikleri guralýar.

Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlyk has-da giňeldi. Türkmenistanda maslahatlaryň, sergileriň, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi, oňa köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Soňky jaň” diňe bir mekdep baýramçylygy bolman, eýsem, ol täze tolgundyryjy tapgyrlar bolup, hemme zat şu pursatdan başlanýar. Özbaşdak durmuşyň öňüsyrasynda mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň arzuwlary öz ýurduňa peýdaly nesiller bolmak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmak hem-de onuň kuwwatyny we şöhratyny artdyrmak ýaly maksatlar bilen baglanyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň orta mekdepleriň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: “Dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza we halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz örän guwanýarys. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýän häzirki döwürde Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny gorap saklamak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abadan hem-de kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin gujur-gaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr” diýip belleýär.

Milli Liderimiziň bu sözleri özbaşdak durmuşa gadam goýýan ýaşlara berlen ak patadyr.

Soňky ýyllarda “Soňky jaň” dabaralary ýurdumyzda giňden we uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär. Şadyýan mekdep okuwçylary, ajaýyp gül çemenleri, paýtagtymyzyň meýdançalarynda we seýilgählerinde ýaýbaňlandyrylýan aýdym-sazly çykyşlar özboluşly we nurana ýaşlyk baýramçylygyny emele getirýär.

Ir bilen mekdep okuwçylary, bilim ulgamynyň işgärleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ökde ýaşlar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ýurdumyzyň täze taryhynyň baş nyşany bolan kaşaň Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň atasynyň zähmet we söweşjeň edermenligine goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdebiň öňünde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliginiň etegine gül desseleri goýuldy. Bu mekdep göreldeli mugallym, frontçy esgeriň adyny buýsanç bilen göterýär. Onuň binýadynda mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet-usulyýet mekdebi döredildi we bu ýerde iri jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda 2017 — ۲۰۱۸-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaralar boldy. Bu dabaraly günde häzirki ýylyň şygaryna ýüzlenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Türkmenistanyň gadymy kerwen ýoluny dikeltmek baradaky ýörelgesi ählumumy ösüşiň bähbidine çykyş edýän ýurdumyzyň döredijilikli parahatçylyk söýüjilik syýasaty bilen baglanyşyklydyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi bize medeniýetleriň gatnaşyklaryny we gatnaşyklaryň medeniýetini öwredýär. Biziň pederlerimiz hut şu ýörelgelere eýeripdirler. Munuň özi paýhasyň esasy bolup durýar. Bu barada ýatlamak bilen, biz döwürleriň arabaglanyşygyny dikeltmäge, biziň umumy geçmişimizi has gowy bilmäge hem-de saklamaga, ähli halkaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýadyny berkitmäge çalyşýarys diýip, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bu gezekki çärelere gatnaşyjylaryň köpüsi bu barada aýtdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýaş nesilleriň bilimi hem-de terbiýesi boýunça ägirt uly işleriň geçirilýändigi, ýaşlaryň aň-bilim hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Şol bir wagtyň özünde “Soňky jaň” dabaralary aýratyn tolgundyryjy ýagdaýa eýe bolýar. Şol gün uçurymlar öz halypalary bilen hoşlaşyp, mugallymlaryna, ene-atalaryna hoşallyklaryny beýan edýärler. Täze okuw ýylynda 1-nji synpa gelen körpelere açyşlaryň we ilkinji ýeňişleriň dünýäsiniň esasy nyşanyny — açary gowşurýarlar.

Bilimler dünýäsine gadam basýan ýaşlar üçin mekdep durmuşynyň ähli ugurlary bilen tanyşdyran ilkinji mugallymlarynyň hoşniýetli arzuwlary aýratyn tolgundyryjy ýaňlandy.

Günüň ikinji ýarymynda uçurymlar üçin paýtagtymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelençler guraldy. Ýaşlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň binasynda, “Arkadag”, “Bitaraplyk” binalarynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, “Ylham” seýilgähinde boldular. Bu ýerde halkymyzyň buýsanjy we şöhraty hasaplanýan görnükli şahsyýetleriň heýkelleri oturdyldy. Şeýle hem olar “Bagt köşgünde” we “Älem” medeni-dynç alyş merkezlerinde boldular.

Agşamlyk “Soňky jaň” we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk “Aşgabat” kino-konsert merkezinde ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreleri Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de paýtagtymyzyň häkimligi guradylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Okuwda has tapawutlanan uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, netijeli işlemek we okamak ugrunda zerur şertleri döretmek hakynda edýän aladasy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.

Bu unudylmajak günüň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna mähriban Watanymyza, ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleri bilen berk baglanyşygy bolan Arkadag Prezidentimize bagyşlanan aýdym-sazlar girizildi. “Türkmenistan baky bagtyň Arkadag, mekdep ýyllaryna ýalkym Arkadag!” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlady. Onda mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten şöhratyny wasp edýän ýaşlaryň çykyşlary ýaňlandy.

Çagalar we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň, belli aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp türkmen paýtagty, mekdep ýyllary, dostluk we söýgi hakyndaky aýdymlar ýaňlandy. Tans we folklor toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Ýaşlaryň joşgun bilen häzirki zaman görnüşinde ýerine ýetiren küştdepdi tansy çykyşlaryň iň täsirlileriniň biri boldy.

Ak mermerli mähriban paýtagtymyza, gözümiziň alnynda gülläp ösýän dünýä türkmenleriniň baş şäherine bagyşlanan “Arkadagly ak şäherim Aşgabat” aýdymy dabaranyň jemleýji çykyşyna öwrüldi.

Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna guralan dabaralar, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi.

Habarlar

Ýazyjyogly Ahmet Bijanyň “Ajaýybyl-Mahlukat” eserinde haýwanat dü...

Ahwazda amala aşyrlan terrorçylykly hüjüm

dutar

Türkmenistan Hazar deňiziň çäginde söwda gatnaşyklaryň ösdürilmeg...

Zarif: Türkiýäniň resmleri bilen geçirlen gepleşikler netijeli bo...

Ruhani: jogäpkärçilik Eýran resmileriniň gowy ýeridir

Gahary ýuwutmak

Gurbanlygyň sogaby

Putiniň Berdimuhamedow bilen geçiren näbelli gepleşigi

Türkmenistanlylar Gurbanlykda üç gün dynç alarlar

Çagany ýatyrmak üçin 10 usul

Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary peýdasyz işdir

Türkmenyn Adı ve Tarihi

gözdegme bilen doganyň dogrulygy

Gasemi: Pompeonyň sözleri Amerikanyň ejizliginiň alamatydyr

Eýran milleti zor aýdylmagyna berk gaýtawul berjekdir

larijani: Amerika bilen sionist režimi sebit durnuksyzlygynyň oja...

Zarif:ýadro ylalaşygynda Eýran Ýewropa garaşyp durmaz

Tramp NATO guramasyndan çykmak bilen haýbat atdy

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek maslahatlaş...

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP