• news ID :

    40082

  • /
  • Date :

    2018-11-13

  • Font

4bpv297efc5e7e1ao2y 800C450 300x169 - Makeron:Twitter diplomatiýanyň jaýy däldirTurkmensnews-  Fransiýanyň döwlet baş tutany Emanuel Makeron diplomatik meseleleri twitteriň ýerine göni gepleşikler arkaly yzarlanmalydyr diýdi.

Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeron bu pozisiýasyny Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Pariž sapary we onuň Ýewropanyň garaşsyz goşunynyň döredilmegi baradaky Makeronyň ideýasyny tankyt etmek twitti bilen bir wagtda yglan edendir.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp özüniň twittinde Ýewropada garaşsyz Ýewropa goşunynyň gurulmagy baradaky Makeronyň teklibini mashara we kemsidiji hasaplady.

CNN tele ýaýlymy bilen söhbetdeş bolan Makeron Amerikanyň ýarag enjamlaryny satyn almak üçin Ýewropa ýurtlarynyň harby býujetiniň artdyrylmagyna garşydygyny nygtamak bilen bu býujet Ýewropanyň garaşsyz ýörelgesini pugtalandyrmak üçin artdyrylmalydyr diýip beýan etdi.

Fransiýanyň prezidenti Makeron düýn Tramp bilen geçiren duşuşygynda ýene bir gezek Ýewropanyň howpsyzlygynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtady.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز