ترکمن نیوز

پارتلامادا 300x169 - Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki partlamada ýogalan adamlaryň sany artdyTurkmensNews-  Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki partlamada ýogalan adamlaryň sany 63-e ýetdi

Liwanyň resmi NNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Beýrut portynda partlaýjy maddalaryň ýerleşýän 12 nomerli ammarda ýangyn ýüze çykdy.

Ýangyn sebäpli güýçli partlama boldy. Partlamanyň sesi şäheriň töweregindäki etraplarda hem eşidildi

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä ۶۳ adam ýogaldy, 3 müňden gowrak adam bolsa ýaralandy. Ýaralanan adamlaryň arasynda Türkiýäniň ۲ raýatynyň hem bardygy mälim edildi.

Partlamada ýurdyň ozalky Premýer ministri Saad el-Haririniň öýi bilen birlikde hökümet binalaryna, töwerekdäki ýaşaýyş ýerlerine, köçelere zyýan ýetip, ýumrulan 3 gatly binanyň aşagynda bolsa entegem adamlaryň bardygy aýan edildi.

Içeri işler edarasynyň müdüri, wakanyň ozal ele salynan partlaýjylaryň saklanýan ammarlaryň birinde ýangynyň ýüze çykmagy bilen bolandygyny habar berdi.

Premýer ministr Hassan Diýab: “Şu gün başdan geçirilen heläkçiligiň jogapkärlerinden hasap soralar” diýip belledi

Ýurtda milli ýas yglan edilip, Goranyş Geňeşi paýtagt Beýrut şäherini apat zolagy hökmünde yglan etdi

Partlamanyň BMG-nyň Halkara Liwan kazyýetiniň ýurdyň ozalky Premýer ministri Refik Haririniň janyna kast edilmegi bilen baglanşykly kazyýet işiniň netijesiniň aýan edilmegine birnäçe gün galanda bolmagy ünsleri özüne çekdi.

Beýleki tarapdan adynyň aýan edilmegini islemedik Ysraýylly resmiler, Tel-Awiwiň Beýrutdaky partlama bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny öňe sürdi

Ysraýylly resmiler, ýerli metbugata beren beýanatlarynda Ysraýylyň waka bilen arabaglanşygynyň bardygy baradaky öňe sürmeleri ret edip, partlamanyň näsazlyklar sebäpli bolan bolup biljekdigini nygtadylar.

Liwandaky Hizbullah hem ýurdyň paýtagty Beýrut şäherindäki partlamanyň çeşmesiniň, Ysraýyl tarapyndan özlerine degişli ýarag ammarlaryna garşy guralan bir hüjümdigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny belledi.

تاریخ و زمان خبر

05

08

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda