ترکمن نیوز

Eýranyň daşary işler ministri 300x152 - Kuweýtiň we Owganystanyň daşary işler ministrleri Fahrizadeniň öldürilmegini ýazgardylarTurkmensNews-  Kuweýtiň we Owganystanyň daşary işler ministrleri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň belli ýadro we goranmak alymynyň terror edilmegini ýazgardylar.

 

Daşary işler ministrliginiň umumy maglumat we metbugat sekretarynyň habar bermegine görä, duşenbe güni Owganystanyň Daşary işler ministri Hanif Atmar Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň döwletine we halkyna gynanç we duýgydaşlyk bildirmek bilen “Mohsen Fahrizadeh” -iň şehit bolmagyna sebäp bolan terrorçylykly hereketi ýazgardy.

Owganystanyň Daşary işler ministri şeýle-de terrorçylygyň her bir görnüşde hem ret edilýändigini nygtady.

Iki ýurduň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk resminamasy, Haf-Herat demir ýolunyň açylmagy we iki ýurduň suw pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýaly ikitaraplaýyn meseleler Eýranyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda pikir alyşmagyň beýleki temalary hökmünde yglan edildi.

Kuweýtiň Daşary işler ministri Ahmed Naser al-Muhammet al-Sabah hem Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde geçen anna güni Mohsen Fahrizadehiň şehit bolmagyna sebäp bolan rehimsiz terror hüjümini ýazgardy.

 

تاریخ و زمان خبر

01

12

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda