ترکمن نیوز
:Ruhani

RuhaniTurkmensNews–  Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Halkara Kudus güni mynasybetli beren gürrüňlerinde Kudus hiç wagt ýatdan çykarylmaz we zulum edýänleriň elinde galmaz diýdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde şu ýyl, Halkara Kudus gününde Palestinanyň ezilen halkyň sesi dünýäde eşidiljekdigini aýtmak bilen Yslam Eýranyň halky palestinalylara garşy edilýän sütemi hiç hili ýagdaýda kabul etmeýär we palestinalylaryň soňky ýeňşi iru-giç palestinalylaryň berk yradalary we çydamy bilen hasyl bolar diýip beýan etdi.

Ruhani Amerikanyň her gün musulmanlara we palestina halkyna garşy täze dildüwşük gurýar dimek bilen Palestina halky 70 ýyldan gowrak wagt bäri öýlerinden göçürilip awara edilendirler diýip belläp geçdi.

Eýranyň prezidenti, sütemkärlere garşy durmak we ezilenlere goldaw bermek Eýran Yslam Respublikasynyň esasy sütünlerinden biridigine yşarat edip Amerikanyň başlykly dünýäniň ulumsy güýçleri, sütemkärleri, sionistleri, jynsparazlygy, aparteidi goldaýar we ezilenlere garşy işleýär, ýöne ahyrynda hak batyla we zuluma üstün çykar diýdi.

prezident Ruhani şeýle-de Amerikaly resmileriň häzirki ýagdaýda ýaramaz ykdysady şertler bilen ýaka towlaşyp durandyklaryna yşarat etmek bilen we Eýran Yrakda we Owganystanda hasyl bolan içerki ylalaşyklary garşy alýandyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy owgan halkynyň ykbalyna gaty ähmiýet berýär we henizem dogan hökmünde olaryň ýanynda durýar diýip nygtady.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Şaýy, sünni, kürt we arap toparlarynyň ylalaşygy we täze hökümet gurmak bu agyr günlerde bu ýurduň ykdysady durmuşy we durnuklylygy üçin gowy ädim bolar diýip beýan etdi..

تاریخ و زمان خبر

21

05

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda