ترکمن نیوز

1 300x176 - Koronawirusyň täsirinde Ýeňiş baýramyTurkmensnews- Russiýada wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň ۱۷۶ adam artyp 606 müň ۸۸۱ adama ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 480 müň ۶۲۰ wirusa ýoluganlaryň sany 9 millon 394 müň, sagalanlaryň sany 5 million 79 müň adamdan geçdi.

Hytaýda koronawirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 7-i Pekinde bolmak bilen 12 adam artyp 83 müň ۴۳۰ adama ýetdi. Paýtagt Pekinde 11-nji iýundan bäri hasaba alynanlaryň sany 249 adama ýetdi.

Günorta Koreýada wirusa ýoluganlaryň sany 51 adam artyp 12 müň ۵۳۵ adama ýetdi.

Russiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 254 adam artyp 8 müň ۵۱۳, wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň ۱۷۶ adam artyp 606 müň ۸۸۱ adama ýetdi. Ýurtda epidemiýa sebäpli yza süýşürlen Ýeňiş baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Paýtagt Moskwada Gyzyl meýdanda geçirlen dabara Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen birlikde Goranmak ministri Sergeý Şoýgu we 13 ýurtdan gelen wekiliýetler gatnaşdy. Beýleki tarapdan Russiýa guraýan saparynda özüne ýoldaşlyk edýän wekiliýetindäki 2 adama koronawirusyň ýokaşan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň ýurduna barandan soň ۳ gün karatinde boljakdygy habar berildi. Wekiliýetinde 2 adama wirusyň ýokaşandygy üçin Moskwada Ýeňiş baýramynyň ۷۵ ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmazlyk barada karar alan Jeenbekowyň, Gyrgyzystana gitjekdigi we täze testiň netijesine garaşjakdygy ýatladyldy.

Ysraýylda soňky 24 sagatda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 adam artyp 308 adama, hasaba alynanlaryň sany 459 adam artyp 21 müň ۴۶۷ adama ýetdi.

Palestinada koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1517 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň artmaga başlandygy sebäpli bu hepde metjitlerde Juma namazynyň okalmajakdygy habar berildi.

Eýranda Kovid-19 sebäpli 9 müň ۸۶۳ adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 209 müň ۹۷۰ adama ýetdi.

Yragyň Mejlisiniň Adam hukuklary komissiýasynyň başlygy Erşat Salih, ýurtda epidemiýanyň täsiriniň gün saýyn güýçlenýändigi sebäpli, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen birlikde Ýewropa we goňşy ýurtlardan kömek sorady. Ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1251, hasaba alynanlaryň sany 34 müň ۵۰۲ adama ýetdi.

Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 465 adam artyp 14 müň ۴۷۶, hasaba alynanlaryň sany 15 müň ۹۶۸ adam artyp 456 müň ۱۸۳ adama ýetdi.

Afrikada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 8 müň ۶۵۳, hasaba alynanlaryň sany 327 müň ۴۶۴ adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Müsürde 2 müň ۳۶۵ adam ýogaldy, 58 müň ۱۴۱ adama hasaba alyndy.

Koronawirus Günorta Koreýada 2 müň ۱۰۲ adamyň ýogalmagyna 106 müň ۱۰۸ adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

تاریخ و زمان خبر

25

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda