ترکمن نیوز

vifv 300x185 - Koronawirusy ýaýrap duran şertlerinde Oraza we agzybeklemek baradaky Mertebesi Belent Ýolbaşçynyň pitwasyTurkmensnews- Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýiniň Pitwalar boýunça gullugy, ol hezretiň Pitwasyna laýyklykda Korona keseliniň ýaýramagy wagtynda Remezan aýynda agyz beklemek baradaky karary neşir etdi.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, hezretleri Aýatolla Hameneýiniň eserlerini gorap saklamak we neşir etmek edarasynyň ýekşenbe güni beren hasabatyna görä,Korona keseli ýüze çykan wagtynda Remezan aýynda agyz beklemek baradaky soraga jogap hökmünde: oraza Adamyň ruhy ösüşiniň esasyny düzýär we öňki halklara hem wajypdy diýip nygtadylar..

Aýatolla Hameneýä jogap hökmünde şeýle diýilýär: Agyz beklemegiň täsiri ruhy we içki arassalygyň, şahsy we jemgyýetçilik takwalygynyň ýüze çykmagy, kynçylyklara garşy durmak islegini we ruhuny güýçlendirmekdir, adam bedeniniň saglygyndaky orny aýdyňdyr we agyz beklemek üçin Hudaý uly padaşyny berjekdir.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy agyz beklemegiň diniň we yslam kanunlarynyň sütünleriniň zerurdygyny, mukaddes Remezan aýynda agyz beklemezgine ýol berilmejekdigini aýtdylar. Kesellän ýada ruza ýaramaýan adama bolsa agyz beklemezlige rugsat berilýär, ýöne munuň kazasyny almak zerurdyr diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýiniň Pitwasynda şeýle diýilýär: Bir adamyň ýokarda agzalan meselelerden gorkusy we aladasy bar bolsa we bu gorkynyň paýhasly gelip çykyşy bar bolsa, agyz beklemek ýatyrylýar, ýöne munuň öwezini dolmak zerur.

تاریخ و زمان خبر

22

04

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda