Koronawirus 1 300x169 - Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýarTurkmensNews-  Dünýäde koronawirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 1 million 802 müň adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 311 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 700 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 802 müň adamdan geçdi.

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 88 müň adam ýogalan ABŞ-da, ýurdyň iň köp adam ýitgisi çekilen ýeri bolan Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Endrýu Kuomo, koronawirus epidemiýasyna garşy täsirli göreşmek üçin ştatlara ýardam berjek kanunyň Senat tarapyndan iň gysga wagtda tassyklanmagynyň gerekdigini habar berdi.

Koronawirusyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 34 müň adamdan geçdi. Koronawirus bilen bagly kabul edilen köçä çykmak gadagançylygy ýurdyň paýtagty London şäherinde protest edildi. Hyde parkynda bir ýere jemlenen we aglabasy aşa sagjylardan ybarat bolan takmynan 40 demonstrantyň arasynda bolan oppozision Zähmet partiýasynyň ozalky lideri Jeremi Korbiniň, ۵G bilen epidemiýanyň arasynda arbaglanşygyň bardygyny öňe sürýän jigisi Piers Korbin bilen birlikde jemi 6 adam göz tussaglygyna alyndy.

Italiýada epidemiýada ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda ýene-de 153 adam artyp, jemi 31 müň ۷۶۳ adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň ۸۳۳ adam azalyp, 70 müň ۱۸۷ adama çenli azaldy. Ýerli dolanşyklardan gelen talaba laýyklykda hökümet, ozal 1-nji iýunda açylmagyna rugsat beren restoranlaryň, barlaryň, kafeleriň we ybadathanalaryň ۱۸-nji maýda açyljakdygyny habar berdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 96 adam artyp, 27 müň ۶۲۵ adama ýetdi.

انتشار دهنده : Medeniyet
دسته بندی اصلی :
تاریخ و زمان خبر

۹:۰۰

۲۸ اردیبهشت ۱۳۹۹

کد خبر :

75392

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک