ترکمن نیوز

jahangiri 7a 300x169 - Jahangiri:Amerika hiç haçan Eýranyň nebit eksportyny togtadyp başarmazTurkmensnews-  Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri Amerikalylar hiç haçan Eýranyň nebit eksportyny togtadyp başarmazlar diýdi.şu gün Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri Tehranda geçirilen bir ýygnakda beren gürrüňlerinde Eýranyň nebitiniň alternatiwi ýokdyr diýmek bilen geçen aýlarda Eýran 2.5 million çelek nebit eksport ederdi we bu günki gün näçe müň çelek azrak nebit eksport etmegi ahmaldyr emma nebit eksporty hiç haçan togtamaz diýip yglan etdi.

Jahangiri sözüniň dowamynda Amerikanyň resmileri bu ýurdyň we dünýä ýurtlarynyň ilatyny aldap Arabystan we başga ýurtlar Eýranyň nebitiniň öwezini dolmalydyrlar we şeýlelik bilen hem nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüne geçilmelidir diýip toslaýarlar diýdi.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary şeýle-de mundan ozal Eýran nebitini çelek başyna takmynan 30 dollara satýardy emma durmuşda 80 dollara satyp durandyr diýmek bilen Amerika Eýranyň nebit eksportynyň öňüne geçip başarýan bolsady nebitiniň bahasy çelek başyna 100 dollara ýeterdi diýip sözüne goşdy.

تاریخ و زمان خبر

29

10

2018

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda