ترکمن نیوز

Hytaýda täze koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýarTurkmensNews-  Tibet Awtonom zolagyndan we Çinghaý ştatyndan daşary, ýurdyň ähli awtonom zolaklarynda, ştatlarynda täze görnüş koronawirus ýokan adamlaryň sany 177-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 830-a ýetdi.

Beýleki tarapdan kesellän adamlar bilen gatnaşykda bolan adamlardan bejergi astyna alynan adamlaryň sany bolsa 8420-ä ýetdi, wirus ýokan bolmagy ähtimal adamlaryň sany bolsa 1072 diýip aýan edildi.

Mundan başgada ýurdyň käbir şäherlerinde hassahana, dermanhana we marketlerden daşary, iş alyp barýan beýleki kärhanalaryň işlerine arakesme berildi. Şonuň bilen birlikde şäherara gatnaw amala aşyrýan transport ulgamlarynyň bir bölegine hem togtadyldy.

Hubeý ştatynyň dolanşygy tarapyndan berilen beýanatda bolsa, ştatdaky ähli syýahatçylyk agentlikleriniň işleriniň wagtlaýyn duruzylandygy aýan edildi.

تاریخ و زمان خبر

24

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda