ترکمن نیوز

Hytaýda Krona wirusyndan gurban bolanlaryň sany 41 adama ýetdiTurkmensNews-  Hytaýda nCoV-2019 atly Krona wirusyndan janlaryny elden beren adamlaryň sany artyp 41 adama ýetdi

South China Morning Post gazetasynyň ýazmagyna görä,bu ýurtda Hubei welaýatynda gurban bolan adamlaryň hemmesi Wuhan şäheriniň ýaşaýjylarydyrlar.Hytaýyň gündogarynda ýerleşen bu şäher bolsa Krona wirusynyň ojagy höküminde tanalýandyr.

Hytaýyň ۲۹ welaýatynda Krona wirusyna duçar bolan adamlaryň sany takmynan bir müň ۱۱۲ adamdyr diýip South China Morning Post gazetasy ýazdy.

gara hassalyga meňzeş hassalygy döretýän Krona wirusy ilkinji sapar 2019-nji ýylyň Dekabr aýynda Hytaýyň Wuhan şäherinde görilendir.

Hytaý döwleti bu hassalygyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin şu mahala çenli Hubei welaýatynyň ۸ şäherine baryp çatýan ýollaryny baglandyr we bu şäheriň ilatyna hem çykmaga rugsat berýän däldir.

Krona wirusy Hytaýdan aýry 11 ýurtda şol sanda Amerika,Fransiýa we Awstraliýa-da hem görünendir.

şol bir wagtda Owganystanyň saglygy goraýyş ministrligi Krona wirusynyň Hytaýdan Owganystana ornamagy barada duýduryş berip bu mesele barada bütin dünýä köpçüliginiň Owganystana hemaýat bermegini talap edendir.

تاریخ و زمان خبر

25

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda